Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.


Senesi06 Noýabr, 2016 (10:22)

BölümSoňky habarlar

BelliklerBasketbol

ÇeşmeTürkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

WideoTest ýaryşlar: 3x3 basketbol boýunça halkara ýaryşy (06.11.2016)

Basketbol: Türkmenistanyň ýygyndy topary – halkara ýaryşynyň ýeňijisi

Şu gün  Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň Sportuň oýun görnüşleri toplumynda geçen 3х3 basketbol boýunça halkara ýaryşyň ýeňijileri kesgitlendi. Türkmen türgenleri erkekleriň arasyndaky ýaryşlarda altyn we kümüş medallary zenanlaryň arasynda bolsa altyn medaly eýelediler.   

Ýaryşa jemi 16 topar – Türkmenistandan 6 topar, şeýle hem Russiýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlary gatnaşdylar.

Ozal habar berlişi ýaly, halkara derejesindäki şeýle ýaryş biziň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär. Şonuň üçin hem ýaryşyň guralyşy hem-de geljek ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriljek  sport desgasy barada myhmanlaryň pikirini bilmek örän gyzykly bolup durýar.

Daşary ýurtly türgenleriň hem-de tälimçileriň aglabasy Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigindäki ýaly basketbol üçin örän ýokary hilli meýdançalarda heniz çykyş edip görmändiklerini belleýärler. Şeýle hem myhmanlarda eminleriň ýokary taýýarlyk derejesini,  meýletinçileriň işiniň takyk we oňat ýola goýlandygyny, türgenleşik işleriniň göwnejaý guralyşyny, türkmenleriň myhmanhanalarda ýerleşdirilişini we elbetde türkmen myhmansöýerligini aýratyn bellediler.

Toparlar duşuşyga girişmänkäler köpsanly tomaşaçylar üçin sporta degişli paýhas bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde üstünlik gazananlara ýaryşyň guramaçylary bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň, Sport boýunça döwlet komitetiniň, Basketbol federasiýasynyň  sowgatlary gowşuryldy. Soňra bolsa ýaryşyň toparlaýyn böleginiň deslapky duşuşyklary başlady.

Ilki bilen meýdança “A” topara degişli bolan Türkmenistan-1 we Aşgabat-2 toparlary çykdylar. Oýnuň düzgünnamasyna laýyklykda, basketbolyň bu görnüşi boýunça duşuşyk 10 minut dowam edýär. Eger-de garşydaşlaryň haýsy hem bolsa biri 21 utuk toplasa oýun on minuda ýetmän hem tamamlanyp biler. Ilkinji duşuşykda hem edil şeýle ýagdaý hasaba alyndy. Türkmenistan-1 Aşgabat-2 toparly 21:14 hasabynda ynamly ýeňmegi başardy . Ýeňijileriň düzüminde toplanan utuklaryň ýarysyndan gowragyny öz hasabyna ýazan  Maksat Otbozin tapawutlandy. Ol Türkiýäniň ýygyndysy bilen bolan duşuşykda hem jemleýji iki utuklyk topy tora oklamagy başardy. Bu duşuşykda hem ildeşlerimiz 21:9 hasaby bilen ynamly ýeňiş gazandylar. Bu gazanylan ýeňiş netijesinde Türkmenistan-1 topardaky ýaryşlaryň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda, ýaryşyň ýarym final duşuşyklarynda çykyş etmäge hukuk gazandy.

Erkekleriň arasynda “A” toparda Türkiýäniň we Eýranyň ýygyndylarynyň arasynda bolan duşuşyk iň gyzykly duşuşuklaryň biri boldy. Oýnyň köp böleginde türkiýeli basketbolçylar garşydaşlaryna görä oňat oýun görkezip hasapda ep-esli artykmaçlyk gazandylar. Ýöne duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna üç minut galanda olaryň garşydaşlary erjellik görkezdiler hem-de oýnuň gidişini öz ellerine aldylar. Ahyrky netijede Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndysy 20:16 hasabynda örän owadan ýeňiş gazandy. Ilkinji iki duşuşygynda hem ýeňilen türk basketbolçylary şeýle hem Aşgabat-2 topary medallar üçin göreşmäge bolan mümkinçiliklerini ýitirdiler.

Zenanlaryň arasynda hem “A” toparda Türkmenistanyň-2, Azerbaýjanyň, “B” toparda bolsa Özbegistanyň ýygyndylary möhletinden öň ýarym finalda oýnamak hukugyna eýe boldular. Biziň ýene-de bir toparymyz Türkmenistan-2 topary erkekleriň arasynda jemleýji tapgyrda 19:18 hasabynda örän kyn ýöne diýseň owadan ýeňiş gazanyp, ýarym final oýunlaryna çykdy.

Duşuşyklaryň arasyndaky arakesmede tomaşaçylaryň dykgatyna şowhunly bäsleşikler hödürlendi. Hususan-da, dürs oklamak boýunça ýaryşlar geçirildi. Bu ýaryşa gatnaşmak üçin her topardan bir ökde basketbolçy çagyryldy. Olar üç utuklyk çyzygyň daşyndan mümkin boldugyça köp gezek topy halkanyň içine oklamaly. Zenanlaryň arasynda russiýaly Marina Şalygina özüniň örän mergendigini subut etdi. Ol  on gezek topy oklap, sekiz gezek ony tora girizmegi başardy. Erkekleriň arasynda gyrgyzystanly Şakirjan Kurambaýew alty gezek topy tora  dürs oklamak bilen tapawutlandy. Ol takyk oklamak boýunça çylşyrymlaşdyrylan bäsleşikde hem ýeňiji bolmagy başardy. Gyrgyzystanly türgen bu bäsleşikde dokuz gezek tapawutlanmagy başardy. Mundan başga hem basketbolçylar topy halkanyň içinden geçirmekde özleriniň ezberliklerini tomaşaçylara hödürläp görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Ýarym final duşuşyklary ýurdumyzyň basketbolçylarynyň artykmaçylygy bilen geçdi. Erkekleriň arasyndaky duşuşyklarda Türkmenistan-1 Gygyzystany 21:14 hasabynda ynamly ýeňmegi başardy. Türkmenistan-2 topary bolsa Eýranyň ýygyndy toparyny uly artykmaçylyk bilen 21:15 hasabynda utdy. Ýurdumyzyň zenanlar topary örän kynlyk bilen bolsa-da, özüniň esasy garşydaşy bolan russiýaly türgenleri 9:8 hasabynda ýeňip, olary altyn medal ugrunda göreşýän toparlaryň hataryndan aýyrmagy başardy. Zenanlaryň arasynda beýleki ýarym final duşuşygynda Azerbaýjanyň ýygyndysy Özbegistanyň toparyny 10:8 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, türkmen toparlarynyň birbada üçüsi final duşuşyklarynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Hasam zenanlaryň arasyndaky aýgytly duşuşyk gyzykly geçdi. Onda ýer eýeleri bilen Azerbaýjanyň ýygyndy topary güýç synanyşdylar. Oýun deňeçer ýagdaýda gitdi. Toparlaryň hiç haýsy garşydaşyndan arany açyp bilmedi. Ýöne duşuşygyň ahyrky sekuntlarynda türkmenistanlylar garşydaşlaryna görä  dürs çykyş etmegi başardylar.  Olar ahyrky netijede 21:19 hasabynda ýeňiş gazandylar. Duşuşykda 16 utuk toplan toparyň kapitany Aýna Gokowa ýeňiş üçin uly goşant goşdy. Şeýle hem altyn medaly eýelän beýleki türgenlerimizi Mähri Jumageldiýewa, Leýla Halilowa, Nigýara Nagiýewa dagynyň hem üstünligini belläp geçmek gerek.

Erkekleriň arasynda final duşuşygy beýle bir çekeleşikli geçmedi. Düzüminde Toýly Baýryýew, Merdan Hojamedow, Aleksand Paşkow hem-de Maksim Otbozin dagy çykyş eden Türkmenistan-1 topary öz ildeşleri bolan ikinji ýygyndy toparyny 21:12 hasabynda aňsatlyk bilen utmagy başardy.

Milli basketbol federasiýasynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ridwan Welişaýewiň aýtmagyna görä bu ýaryşlarda türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmekleri ýöne ýerden däl. Bu üstünlik örän uly taýýarlyk işleriniň miwesi bolup durýar. Ýygyndy toparlarymyz ähli zerur zatlar bilen doly üpjün edildi. Türgenleşik işleri günde üç wagtyna geçirildi. Halkanyň aşagynda oýnamaga—topy ýygnamaga we goranmaga—şeýle hem güýçli hereketlere hem-de uzak aralykdan oklamaga aýratyn üns berildi. Bu başarnyklaryny tejribeli garşydaşlary bilen bolan duşuşyklarda ezberlik bilen peýdalanyp, türkmenistanly türgenler ahyrky netijede şeýle ýokary üstünlige mynasyp boldular.

Milli ýygynda toparymyzyň baş tälimçisi R.Welişaýew şu ýylyň dekabr aýynda Polşada geçjek halkara okuw turgenleşik işlerine gitmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Bu sport taýýarlyk işiniň barşynda ildeşlerimiz 3х3 basketbol boýunça birnäçe açyk Ýewropa ýaryşlaryna gatnaşarlar. Bu bolsa Aşgabatda geçen ýaryş ýaly ildeşlerimze Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň wajyp tapgyry bolup hyzmat eder. 

Habarlar #Basketbol

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: