Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi09 Noýabr, 2016 (17:53)

BölümResmi habarlar

ÇeşmeTürkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanda halkara sergi we maslahat geçirilýär

Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Bilim ministrligi, Sport baradaky döwlet komiteti we Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde geçirilýän «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. 

Bilim ulgamyny hil taýdan kämilleşdirmek, köpçülikleýin sporty ösdürmek we olimpiýa hereketini goldamak, sagdyn, beden taýdan ösen, hertaraplaýyn bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. 

Bu ugurda amala aşyrylýan giň göwrümli toplumlaýyn işler iri maýa goýum taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin döredilen şertler Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň, iri halkara sport guramalarynyň we ylym-bilim merkezleriniň, işewürlik düzümleriniň sanynyň artmagyna getirdi. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde Aşgabat şäheriniň saýlanyp alynmagy biziň döwletimiziň halkara sport hereketiniň ösüşine uly goşant goşýandygynyň güwänamasy boldy. 

Russiýanyň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Eýranyň, Pakistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Kipriň, Sloweniýanyň, Belarusuň, Ukrainanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Latwiýanyň we beýleki ýurtlaryň wekiliýetleriniň hatarynda 200-e golaý myhmanyň maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelmegi aýdylanlary ýene bir gezek subut edýär. 

Maslahata Malaýziýanyň iri uniwersitetleriniň sekizisinden alymlar we hünärmenler uly topar bolup ýurdumyza geldiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaňy-ýakynda bu dostlukly ýurda üstünlikli amala aşyran resmi saparynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Olaryň arasynda ylym we bilim ulgamlarynda, hususan-da, iki ýurduň ýokary mekdepleriniň we Ylymlar akademiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmek üçin ysnyşykly gatnaşyklary saklamak barada ylalaşyklar bar. Türkmenistanyň Hökümetiniň we Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.

Şu gezekki serginiň açylyş dabarasynda hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, bilim we sport ulgamynyň köp sanly işgärleri, hormatly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar boldular. 

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahatyna gatnaşyjylara ýollan Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda milli Liderimiz: “Bilim we sport jemgyýetimizi belent maksatlara ruhlandyrýan kuwwatly güýçdür” diýip belleýär. Bagtyýar halkymyzyň aň-düşünjesini, medeni-ruhy durmuşyny düýpli özgertmäge, Bitarap döwletimiziň dünýäde tutýan ornuny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, täze belent menzilleri geçmäge, beýik geljegimizi gurmaga mümkinçilik berýär. 

Şoňa görä-de, biz bu ugurda, ilkinji nobatda, jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň bähbitlerine, milli we umumadamzat gymmatlyklaryna, ynsanperwer däplere esaslanýan syýasatymyzy, milli maksatnamalarymyzy, düýpli özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar. 

Söwda-senagat edarasynyň meýdançalarynda ýerleşen, köpugurly serginiň diwarlyklary Aziada—2017 — ägirt uly sport çäresini geçirmäge taýýarlyk görýän ýurdumyzyň edaralaryny, bilim we sport guramalaryny täsirli we çuň mazmunly şöhlelendirýär. 

Diwarlyklaryň göwnejaý, oýlanyşykly ýerleşdirilmegi hem-de mahabat işi sergä gelýänlere ugurdaş bölümleri synlamaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň diwarlyklarynda ýokary okuw mekdepleriniň barlaghanalarynyň häzirki zaman enjamlary, ýurdumyzda neşir edilýän dürli ylmy we okuw-usulyýet edebiýaty, gollanmalar, ensiklopediýalar, sözlükler, halkara talyplar olimpiadalarynda we sport bäsleşiklerinde mynasyp bolnan kuboklar, medallar we diplomlar giňden görkezilýär. Bu ýerde ýokary okuw mekdeplerinde özleşdirilýän hünärler we okatmagyň häzirki zaman usulyýeti barada giňişleýin maglumatlary-da almak bolýar. 

Häzirki wagtda talyplarymyzyň gyzykly taslamalaryň hem-de ylmy işläp taýýarlamalaryň awtorlarydygyny bellemek gerek. Muňa bu ýerde görkezilýän dürli binagärlik desgalarynyň kiçeldilen nusgalaryny, şypahanalary hem-de seýilgäh toplumlaryny gurmak boýunça täze teklipleri mysal getirmek bolar. 

Ýörite orta mekdepleriň okuwçylarynyň işleri hem üns berilmegine mynasypdyr, olar okuw işiniň barşynda peýdalanylýan maglumat tehnologiýalary, täze usulyýetler hem-de maksatnamalar, hünärmenleri taýýarlamak boýunça merkezleriň önümçilik we ylmy-tehniki işi, olaryň kärhanalar bilen hyzmatdaşlygy hakynda aýdyň düşünje berýär. 

Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlary üstünliklerini, alymlaryň işläp taýýarlamalaryny görkezmek bilen, türkmen alymlarynyň iň täze ylmy hem-de tehnologiýa gazananlaryna ünsi çekýärler. 

Diwarlyklaryň onlarçasynda daşary ýurtlaryň bilim beriş mümkinçilikleri, şol sanda bilim ulgamynda uly islege eýe bolan kompýuter tehnologiýalary, innowasiýa häsiýetli barlaghana enjamlaryny öndüriji öňdebaryjy kompaniýalaryň işläp taýýarlamalary giňden görkezilýär. Olaryň arasynda “Microsoft” (ABŞ), “Lenovo” we “Huawei” (Hytaý), “Softline”, ACER (Taýwan) ýaly belli kompaniýalar bar. Bu kompaniýalar maksatnamalaýyn üpjünçiligiň giň toplumyny hödürleýärler. 

Diwarlyklarda kiçi ýaşly we mekdebe çenli bilim hem-de terbiýe ulgamyna aýratyn üns berilýär. Bu babatda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň “Montessori” kompaniýasynyň okuw mebelleri hem-de oýun üçin otaglary, şeýle hem “Swetoç” şereketi tarapyndan işlenip taýýarlanylan aň ýetiriş hem-de öwrediji oýunlar toplumlary özüne çekijidir. 

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda dünýäniň dürli sebitlerinden ýokary okuw mekdepleri, milli we halkara guramalary, daşary ýurtlarda okatmak we talyplary alyşmak boýunça agentlikler, okuw edebiýatyny neşir edijiler bar. Kipriň Gündogar—Ortaýer deňiz uniwersiteti, Gýote adyndaky institut (Germaniýa), Halkara gazak-türk uniwersiteti talyplary alyşmak boýunça öz maksatnamalaryny görkezýärler. 

Sergide sport ulgamyna hem uly üns berilýär, ol Aziada—2017-ä taýýarlyk görmek nukdaýnazaryndan has gyzyklydyr. Şol oýunlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurulýan hem-de gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriler. Ýurdumyzyň Sport baradaky döwlet komitetiniň diwarlygynda iň täze enjamlar hem-de ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen bu ägirt uly toplumyň kiçeldilen görnüşi ýerleşdirilipdir. Bu toplum häzirki zaman sport desgalarynyň 30-dan gowragyny öz içine alýar, olar bäsleşikleri ýaýlymlara alyp görkezmek hem-de giňden wagyz etmek üçin multimediýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Toplumyň käbir desgalary eýýäm işläp başlady hem-de Aziada taýýarlyk görmegiň çäklerinde guralýan halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýär. 

Serginiň sporta degişli bölümlerinde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň iri guramalary, şeýle hem ýörite sport enjamlaryny, gurallary we lybaslary öndürýän kompaniýalar öz önümlerini hödürleýärler. 

Şeýle hem sergä gatnaşyjylaryň hatarynda dürli sport federasiýalary we klublar bar, olarda tälim alan türgenler serginiň açylyş dabarasynda görkezme çykyşlaryny görkezdiler. Olar sport akrobatikasy we gimnastika, şeýle hem Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna ilkinji gezek girizilen milli göreş boýunça öz başarnyklaryny äşgär etdiler. 

Türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlarynda gazanan medallarynyň toplumlary bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. 

Daşary ýurt öndürijileri — «Сolambia Active sport» (ABŞ), “Joma Sport Ispaniýa” kompaniýalary häzirki zaman sport lybaslaryny görkezdiler, ýurdumyzyň kärhanalarynyň öndürýän ajaýyp öwüşginli sport hem-de işjeň dynç almaga niýetlenen lybaslary has-da özüneçekiji boldy. 

Serginiň görkeziş meýdançasy bilim we sport ulgamynda duşuşyklary, gepleşikleri geçirmek, işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak hem-de tejribe alyşmak üçin amatly künjege öwrüldi. Daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary bilen okgunly ösýän türkmen bazarynda işewürligi ilerletmegiň mümkinçilikleri uly gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Günüň ikinji ýarymynda mejlisler zalynda öz işine başlan ylmy maslahat forumyň dowamy boldy, onda bilim we sport ulgamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary ýaly meseleler boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge täzeçe çemeleşmek meselelerine garaldy. Maslahatyň barşynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri, uniwersitetleriň, institutlaryň we ýörite orta okuw mekdepleriniň, şeýle hem sport guramalarynyň arasynda göni gatnaşyklar arkaly hil taýdan täze özgertmeleri geçirmäge gönükdirilen meseleler, bilelikdäki ynsanperwerlik taslamalaryny durmuşa geçirmek, wekiliýetleri alyşmak ýaly ugurlar boýunça pikir alşyldy. 

Düýn foruma daşary ýurtly gatnaşyjylar bilen paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň däp bolan duşuşygy hem bu meselelere bagyşlandy. 

Ertir maslahatyň bölümlerdäki mejlisleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetinde, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçiriler. 

Şeýlelikde, “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat Türkmenistanyň dünýäniň bitewi bilim giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna ýurdumyzyň sport edaralarynyň daşary ýurtly ugurdaş guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam berýän netijeli gurallaryň biri bolup hyzmat eder.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: