Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.


Senesi14 Noýabr, 2016 (16:33)

BölümSoňky habarlar

BelliklerSambo

ÇeşmeTürkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Dünýä çempionatynda ýene bir medal

Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinde sambo boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynyň jemleýji güni Türkmenistanyň ýygyndy toparyna ýene bir, bürünç medal getirdi. Söweş sambosy boýunça 52 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Nowruz Ataýew şeýle üstünlige mynasyp boldy. 

Ozal habar berlişi ýaly, bu ýaryşa dünýäniň 80 ýurdundan ýüzlerçe türgen gatnaşýar. Dünýä çempionatynyň başynda ildeşlerimiz dört baýraga — bir kümüş medala (Çarymyrat Annagurbanow) hem-de üç bürünç medala (Tejen Tejenow, Kerimberdi Döwletow hem-de Gülbadam Babamyradowa) mynasyp boldular. Ynha, indi bolsa Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň medallarynyň sany bäşe ýetdi. 

52 kilograma çenli agram derejesinde 10-dan gowrak pälwan çykyş etdi. Nowruz Ataýew ýaryşda Trinidad we Tobago döwletiniň ýygyndy toparynyň pälwany Gerşam Griffiti ýeňmegi başardy. Ol ýarym final tutluşygynda bolsa şu ýaryşda ýeňiji bolan russiýaly Anatoliý Stişakdan çekeleşikli göreşde ýeňildi. 

Türkmen türgenleriniň dünýä derejesindäki ýaryşda şeýle üstünlik gazanmagy geljek ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem samboçylarymyzyň öz ussatlyklaryny doly görkezjekdiklerine şaýatlyk edýär.

Habarlar #Sambo

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: