Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi15 Noýabr, 2016 (20:58)

BölümResmi habarlar

ÇeşmeTürkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi

Şu gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport boýunça baş müdiriýetiniň wekilleriniň Türkmenistana üç günlük sapary tamamlandy. Dostlukly ýurduň wekiliýetine bu müdiriýetiň ýolbaşçysy Mohammad Humaýun Haýrany baştutanlyk edýär. Myhmanlar türkmen hünärmenleri bilen duşuşyp, sport hereketini ösdürmek babatynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Goňşy ýurduň wekiliýetiniň düzüminde şeýle hem Owganystanyň birinji  wise-prezidentiniň ýaşlar we sport boýunça geňeşçisi Muradi Abdul Hamid, Bedenterbiýe we sport müdiriýetiniň bölümleriniň başlyklary Fazelýar Fazel Ahmad, Saffi Zabiullah hem-de Şahin Nazifullah bolup, olar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Sport baradaky döwlet komitetiniň we beýleki milli sport guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler.

Saparyň maksatnamasyna paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine gezelenç hem girizildi. Myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan bu topluma haýran galmak bilen, onuň Aziýa yklymynda ägirt uly sport desgalarynyň biridigini bellediler. Owganystanly wekiller toplumyň desgalary bilen tanşyp, geljek ýylyň sentýabr aýynda bu ýerde geçiriljek iri möçberli sport forumynyň uly jemgyýetçilik seslenmesine eýe boljakdygyna hem-de köpsanly türgenler we sport muşdaklary üçin ýatdan çykmajak aýdyň öwüşginli waka öwrüljekdigine ynam bildirdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Aziada-2017-niň maksatnamasyna girýän sport görnüşleri boýunça bilelikde  okuw türgenleşiklerini guramagyň meýilnamasy bellenildi. Türkmenistanyň häzirkizaman sport toplumlarynda, şeýle hem Owganystanyň sport desgalarynda milli ýygyndy toparlaryň taýýarlyk-türgenleşik işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Myhmanlar Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçirilýän halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler. Hususan-da, dostlukly ýurduň topary şu ýylyň sentýabr aýynda ýapyk binalarda guralan ýeňil atletika boýunça ýaryşa gatnaşdy. Häzirki wagtda owgan ýeňil atletikaçylary 2017-nji ýylyň fewral aýynda bu toplumda geçiriljek Merkezi Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görýärler.

Jiu-jitsu boýunça  halkara ýaryşynyň başlanmagyna bir aýdan hem az wagt galdy, myhmanlaryň aýtmagyna görä, oňa Owganystanyň ýygyndy topary hem gatnaşar. Bäsleşikler 7-12-nji dekabr aralygynda Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungaty toplumynda geçiriler. Şol ýaryşlarda görkezme çykyşlarynda hem medallar ugrunda güýç synanyşylar.

Saparyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler, olar çeper elli türkmen zenanlarynyň dünýäde meşhur bolan inçe sungatyna haýran galdylar.

Owganystanyň wekiliýetiniň agzalary Aşgabada saparyň jemlerini jemlemek bilen, türkmen kärdeşleri bilen geçiren duşuşyklarynyň bellenilen ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilik açýandygyny bellediler. Myhmanlaryň pikirine görä, oňde goýlan wezipeler iki ýurduň hem milli sport hereketiniň ösdürilmegine ýardam berer.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: