Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi03 Oktýabr, 2016 (14:36)

BölümAtly ýöriş

BelliklerAtly ýöriş

Türkmen kölüniň kenaryndaky dabara

Balkan welaýaty boýunça tapgyry üstünlikli tamamlanan atly ýöriş Daşoguz welaýatynyň çägi bilen dowam eder.

Geljek ýyl paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna geçirilýän atly ýörişiň Balkan welaýatyndaky tapgyry ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy. Ýakynda bu taryhy atly ýörişe gatnaşyjylar “Altyn asyr” Türkmen kölüne gelip ýetdiler. Ynsan eli bilen döredilen bu täsin kölüň ajaýyp kenarynda milli ak öýlerden gurnalan gadymy türkmen obasynda Watanymyzyň Döwlet tuguny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-de Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny şu künjekden badalga aljak Daşoguz welaýatynyň atly toparyna gowşurmagyň şanyna uludan tutulan dabaralar ýokary ruhubelentlikde geçdi. 

Tutuş ýüz günüň dowamynda ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewlerde jemi 1 müň 572 kilometre barabar ýoly geçip gelen atly ýigitler çölüň goýnunda ynsan eli döredilen bu kölüň kenarlaryna höwes bilen aýlanyp gördüler. 

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygyna 2000-nji ýylda girişildi. Köli döretmegiň esasy maksady zeý suwlaryň ýygnalmagyny kadalaşdyrmak we olary ekologiýa taýdan howpsuz ýere akdyrmakdan, zeýkeşleriň geçýän ýeriniň ugrunda şora çydamly oba hojalyk ekinlerini ekmekden, öri meýdanlaryny suwlulandyrmakdan, zeý suwlary bilen doldurylan howdanlarda balyk hojalygyny ösdürmek üçin ýurdumyzyň hojalygara we esasy zeýkeşlerini bir bitewi ulgama birleşdirmekden ybaratdyr. 
2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda bu çylşyrymly gidrotehniki ulgamyň birinji nobatdakysy ulanmaga berildi. Onuň Garagum çölüniň içi bilen geçýän iki sany şor suw akabasy bolup, Daşoguz şahasy 380, Baş şor suw akabasy 720 kilometre deňdir.

Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasy «2003—2010-njy ýyllar üçin Aral deňziniň sebitindäki ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak boýunça anyk hereketleriň maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Bu maksatnama 2002-nji ýylyň oktýabrynda Merkezi Aziýadaky döwletleriň Baştutanlary tarapyndan hem-de 2003-nji ýylyň awgustynda Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan tassyklanyldy. Şeýlelikde, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň wajyplygy we maksadalaýyklygy Merkezi Aziýadaky beýleki döwletler tarapyndan hem ykrar edildi.

Suw hojalygy, meliorasiýa we ekologiýa boýunça «Soýuzwodproýekt» inženerçilik ylmy-önümçilik merkeziniň baş direktory, Russiýanyň Tebigy ylymlar akademiýasynyň akademigi, geografiýa ylymlarynyň doktory professor Igor Sergeýewiç Zonn bu ägirt ekogidrotehniki taslama bagyşlap, «Altyn asyr» Türkmen köli we Türkmenistanda suw serişdeleri» atly kitabyny hem ýazdy. Bu kitap 2014-nji ýylda Germaniýanyň «Şpringer» neşirýaty tarapyndan çap edildi. 

Bu ýerde ýörite gurnalan meýdançada welaýatyň bagşy-sazandalarynyň, folklor toparlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda, ruhubelentlik bilen aýdylan hüwdülerdir lälelerde, ussatlyk bilen ýerine ýetirilen gazallarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda ähli babatlarda gazanylýan üstünlikler, milli Liderimiziň amala aşyrýan dünýä nusgalyk beýik işleri, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň eşretleri, halkymyzyň bolelin ýaşaýşy we erkana durmuşy öz mynasyp beýanyny tapdy. Ümeçi gelin-gyzlaryň ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirişleri çärä gatnaşyjylaryň milli mirasymyza bolan söýgi-buýsanjyny has-da belende göterdi. Amaly-haşam sungatynyň el işleriniň eserlerinden guralan täsin sergiler hem bu dabaraly pursada aýratyn röwüş çaýdy. 
Soňra ýaşuly nesliň wekilleriniň, welaýatyň ussat türgenleriniň hatarlaryna goşulan ýörişe gatnaşyjylar bu ýerde Serdar we Magtymguly etrabynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent joşgun bilen ýerine ýetiren küştdepdilerine tomaşa edip, ondan ruhy lezzet aldylar. Belentden ýaňlanan gazallarda dost-doganlygyň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň, türkmen sportunyň waspy ýetirildi. Şol ýerde hem Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ajaýyp kölüň kenarynda ýörite taýýarlan baýramçylyk keşbindäki meýdançasynda dabaralar belent ruhda dowam etdi. Daşoguzly ýaşulularyň ata-baba däp-dessurlarymyza eýerip hödürlän mukaddes duz-çöreklerinden dadyp, ýagşydan-ýagşy doga-dilegleri eden welaýatyň ýaşaýjylary şol ýerde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-de Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny Daşoguz welaýatynyň atly toparyna dabaraly ýagdaýda gowşurdylar. Şu mynasybetli iki welaýatyň araçäkleşýän künjeginde ýaýbaňlandyrylan dabaralar aýratyn many-mazmuna eýe boldy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň şu ýerde belentden tutulan dabaralaryna höwes bilen gatnaşan Balkan welaýatynyň wekilleri demirgazyk sebitiň ýigitlerine öňde duran ýüz günläp dowam etjek atly ýörişlerinde üstünlik we rowaçlyk arzuw etdiler. Şol pursatdan hem bu taryhy atly ýörişiň nobatdaky tapgyry badalga aldy.

"Türkmenistan".

 

Habarlar #Atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: