Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi05 Sentýabr, 2016 (14:45)

BölümAtly ýöriş

BelliklerAtly ýöriş

Atly ýöriş Mollagarada

Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna badalga berlen atly ýörişe gatnaşyjylar şu günler Balkan welaýatynyň oba-kentlerinde, etrap merkezlerinde, öçmejek yz galdyran taryhy ýadygärlikleriniň ýanynda, ýerasty we ýerüsti baýlyklar mesgenlerinde, tebigy täsinlikleriniň goýnunda il-ulsumyz tarapyndan ýokary derejede garşylanylyp, iň bir ýagşy arzuwlar bilen ak ýola salynýar. Hut ýaňy-ýakynda sebit merkezi Balkanabat şäheriniň ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarynda gazanan üstünlikleri bilen içgin tanyşmak bagtyna eýe bolan atly ýörişe gatnaşyjylar welaýatyň çägindäki duzly suwy hem-de gyrmançaly gara palçygy bilen tutuş dünýäde meşhurlyga eýe bolan «Mollagara» şypahanasyny nazarlap ýola düşdüler.

Uzaklardan howalanyp görünýän Uly Balkan dagynyň degresi diňe bir tebigy täsinlikleriň mekany bolmak bilen çäklenmän, hormatly Prezidentimiziň saýasynda ägirt uly ykdysady ösüşleriň hem giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan we yzygiderli dowamat tapýan mesgenine-de öwrüldi. Bu jedelsiz hakykata ganatly bedewleriň on ýedisine ezberlik bilen erk edip barýan ýigitler «Mollagara» şypahanasyna tarap buýsançly gadam urup barýarkalar, ýüzugra Jebel şäherçesiniň golaýyndaky Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhana hem-de belent başly dag gerişlerini alkymlap oturan «Balkan» sement zawodyna baryp görenlerinde-de magat göz ýetirdiler.

Gyrmança palçyklary boýunça Mollagara köli dünýäde belli künjekleriň biridir. Soňky ýyllarda bu täsin kölüň palçygynyň kosmetologik häsiýetleri içgin öwrenilip, onuň deri üçin örän ýaramly täsirleriniň bardygy anyklanyldy. Ol deride öýjük täzeleýji we gurplandyryjy, gan aýlanyşygyny kadalaşdyryjy, ýüze näziklik beriji hem-de derini täzeleýji häsiýetleri özünde jemleýär. Palçygynyň bolsa kesel bejeriş häsiýetleri has-da ýokarydyr. Onuň düzüminde köp sanly gymmatly mikroelementler bar. Gürrüňini edýän kärhanamyzyň bejeriş palçyklary bölümine tebigy çeşmelerden getirilýän çig maldan her sagatda 600 gap taýýar palçyk önümi taýýarlanylýar. Kärhananyň deňiz duzuny gaplaýan bölüminde bolsa duz ilkinji tapgyrda gerekli ölçege çenli owradylyp, soňra ýöriteleşdirilen elekde magnitleriň kömegi bilen daş, metal we beýleki garyndylardan doly arassalanylýar. Arassalanylan çig malyň her bir bölegi ýörite basyşyň kömegi bilen gerdejik görnüşine geçirýär. Gerdejiklere dürli derman otlary goşulyp, olara bejeriş häsiýetleri berilýär. Bu bölümiň önümçilik kuwwaty bolsa sagatda 3 müň 600 gram taýýar önüme barabardyr.

Jebel şäherçesindäki Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhananyň önümçilik bölümleri bilen içgin tanşyp, hünärmenleriň olar baradaky täsirli gürrüňlerinden ruhlanan atly ýörişe gatnaşyjylar soňra ýyllyk kuwwaty bir million tonna barabar bolan «Balkan» sement zawodyna hem baryp gördüler. Şäherjigi ýada salýan bu ägirt uly kärhanada myhmanlar güler ýüz bilen garşylanyldy. Jemi 50 gektar meýdanda ýerleşýän bu zawodyň karýer hojalygyndan başlap, çig mal owradyjy, bişiriji bölümlerinde, sement degirmeninde işleriň ähli tapgyrlary doly mehanizmleşdirilen we awtomatlaşdyrylan ýagdaýda alnyp barylýar. Awtoulag, mehaniki, awtomatiki bölümleridir dolandyryş merkeziniň işiniň sazlaşykly ýola goýulmagy bu gymmatly gurluşyk serişdeleriniň bökdençsiz önümçiligini üpjün edýär. Kärhanada ýokary hilli sement önümçiligini ygtybarly ýola goýmak üçin zerur bolan çig malyň tutuşlygyna diýen ýaly ata Watanymyzyň çäklerinden alynýandygy bolsa, atly ýörişe gatnaşyjylary has-da buýsandyrdy. Önümçiligiň gönüden-göni üstünde bolmaly hünärmenleriň maşgalalary üçin gurlan dört gatly, her biri 16 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary ähli amatlyklar bilen ýokary derejede üpjün edilipdir. Milli ykdysadyýetimiziň iň kuwwatly kärhanalarynyň biri bolan zawodyň tutuş daş-töwereginde adam eli bilen döredilen saýaly agaçlaryň tokaýlygy myhmanlary has hem geň galdyrdy.

Atly ýörişe gatnaşyjylar Jebel şäherçesiniň duşundan geçip barýarkalar, giň howlynyň bir böwründäki agylda düýe sagyp duran gelin olara gor küýzeden çal hödür etdi. Bu suwsuzlygyňy gandyryjy taýsyz içgini taýýarlap, hödür edene müň keren sagbolsun aýdyp, ýollaryny dowam eden atlylary «Mollagara» şypahanasynyň giň howlusynda ak ýektaýly lukmanlar, bu ýerde dynç alyp, saglyklaryny berkidýän köp sanly adamlar, şäherçäniň ilaty şatlyk-şowhun bilen mübäreklediler. Duz-çörek dadyp, ýaşuly nesliň wekilleri bilen saglyk-amanlyk soraşylandan soň, medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary diňlenildi. Gelin-gyzlaryň ene-mamalarymyzdan miras galan senetleri başarnykly dowam etdirişleri, folklor toparlarynyň joşgunly tanslary, türgenleriň arasynda milli oýunlar boýunça ýaýbaňlandyrylan görkezme çykyşlarydyr bäsleşikler dabara gatnaşyjylaryň ruhuny göterdi. Atly ýörişe gatnaşyjylaryň lukmanlar bilen bilelikde häzirki zaman dünýäsiniň iň bir kämil enjamlary bilen üpjün edilen şypahananyň bölümlerine aýlanyp görmekleri ýatda galyjy pursatlaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik eserinde öz ornuny tapan melhemlik otlardan taýýarlanan çaýlardan işdämenlik bilen içip gören myhmanlary soňra şypahananyň Mollagara kölüniň kenarynda açyk asmanyň astyna döredilen dynç alyş meýdançasyna çagyrdylar. Ýaşuly nesliň wekilleri, şeýle hem şypahananyň lukmanlary bu täsin kölüň döreýşi, onuň her pasla görä özboluşly aýratynlyklary, tomsuň jöwzaly yssysyndan-da kölüň hanasyndaky suwuň derejesiniň asla egsilmeýändigi barada gürrüň beren rowaýatlarydyr dürli maglumatlary atly ýörişe gatnaşýan ýigitlerde uly täsir galdyrdy. Kölüň gyrasyndaky ýaşajyk suratçylaryň çekýän suratlaryny, şeýle hem dürli ugurlar boýunça guralan sergileri synlamak hem myhmanlarda uly täsirleri galdyrdy.

Şeýle ajaýyp pursatlara gözli şaýat bolmakdan ruhlanan atly ýörişe gatnaşyjylar özlerini dabaraly ýagdaýda garşy alanlar bilen hoşlaşanlaryndan soňra, gujurly gollarynda Garaşsyz Diýarymyzyň döwlet Tuguny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-da Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny belent tutup, indiki menzillerine — deňiz kenaryndaky Hazar şäherine tarap ruhubelentlik bilen ýola düşdüler.

"Türkmenistan".

Habarlar #Atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: