Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi08 Noýabr, 2016 (14:54)

BölümAtly ýöriş

BelliklerAtly ýöriş

Atly ýörişe gatnaşyjylar Şasenem galasynda

Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şanyna dowam edýän 500 günlük atly ýörişe gatnaşyjylar Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň çäginde ýerleşýän Şasenem galasyna geldi. Uzak asyrlaryň dowamynda ata-baba oturymly, gadymy mekan bolan bu galanyň öňündäki baýramçylyk lybasly giň meýdançada uly sport baýramynyň şatlykly buşlukçylary duz-çörek bilen garşy alyndy. Ak öýleriň uzyn hatary, gadymy mirasymyza degişli muzeý eksponatlarynyň sergisi guralan giň sahnada aýdym-sazyň owazy belent ýaňlandy. Bu duşuşyga welaýatyň teatr işgärleri özboluşly sahna eserini sowgat getiripdir. Nurmuhammet Andalybyň adyny göterýän döwlet sazly-drama teatrynyň artistleri açyk asmanyň astyndaky sahnada “Şasenem-Garyp” dessanyndan parçalary janlandyrdylar. Soňra atly ýörişe gatnaşýan ýigitler gadymy gala aýlanyp gördüler.

Bu galanyň taryhy iň şahyrana dessanlaryň biri hasaplanýan “Şasenem-Garyp” dessany bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol welaýat merkezinden 90 kilometr uzaklykda, gadymy akabalaryň biri bolan Çermenýabyň boýunda ýerleşýär. Dessanyň baş gahrymany Şasenemiň köşki-eýwany gadymy Suwburny şäheriniň taryhy galyndylarynyň arasynda howalanyp otyr. Ençeme asyr mundan ozal bag-bakjaly bu ýerlerde Şasenem öz kenizleri bilen aşyk Garyby garşylapdyr. Şol döwürde iri şäherleriň biri bolan Suwburny şäheri barada bu ýerlere syýahat eden belli jahankeşde Ýakudynyň eserlerinde giňden gürrüň berilýär. Şasenemiň galasynyň diwarlarynyň aglaba böleginiň beýikligi 9 metre barabardyr. Bu gadymy galanyň diwarlarynyň beýikligi käbir ýerlerinde 15 metre golaýlaýar. Şol diwarlaryň, esasan, gorag diwarlary bolandygyny bu ýerlerde gazuw-agtaryş işlerini geçiren alymlar tassyklaýarlar.

 Şasenemiň galasynyň günortasynda baglyk meýdan bolupdyr. ÕII asyryň başlaryndan gülläp ösen künjekleriň biri hökmünde agzalýan bu galanyň töwereginde suw desgalary, mülkler, aýnadan ýasalýan önümleriň ussahanalar toplumy ýerleşipdir. Olaryň galyndylaryna häzirki wagtda hem duş gelmek bolýar. On ikinji asyryň başynda şu galanyň çäginde uly metjit salnypdyr. Onuň gurluşygynda şol döwürleriň beýleki galalarynda seýrek duş gelýän gurluşyk önümleri ulanylypdyr. Gadymy şäherde el işleriniň, hünärmentçiligiň ösendigini tapylan dürli şaý-sepler, gap-gaçlar aýdyň görkezýär. Gazuw-agtaryş işleri geçirilende, galanyň çäginden bürünç gazanjyk tapyldy. Örän oňat saklanyp galan bu gazanjygyň daş ýüzünde halynyň nagyşlaryny ýada salýan bezeg işleri bar.

 Atly ýörişe gatnaşýan ýigitler bu täsin tapyndylary uly gyzyklanma bilen synladylar. Gadymy galanyň içine aýlanyp görmek olarda aýratyn täsir galdyrdy. Atly ýörişe gatnaşyjylar bu ýerde guralan baýramçylyk çärelerinde ýene-de bir gezek ýakymly duýgulara gurşaldylar.

 On ýedi atlydan ybarat baýramçylyk kerweni täze taryhy eýýamymyzyň döredijilik güýji bilen özgerýän, gülläp ösýän Ruhubelent etrabynyň merkezine tarap ugur aldy. Tüýgyr belentliginiň eteginde ajaýyp görke gelýän şäherçede uly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Döwrebap, ähli oňaýlyklary bolan belent başly jaýlaryň hataryny aralap gidýän giň ýollaryň tutuş boýy toý lybasyny geýindi. Bu ýerde etrabyň sungat ussatlary bagtyýar döwrümizi, ynamly gadamlar bilen ösýän türkmen sportuny wasp edýän aýdym-sazlary, tans kompozisiýalaryny ýerine ýetirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen 2007-nji ýylda düýbi tutulan, 2008-nji ýylda açylan Ruhubelent etrabynda amala aşyrylýan nusgalyk işleriň nury bu gadymy mekanyň keşbinde aýdyň duýulýar. Bu ýere göçüp gelen, ojak gurup, mülk edinen adamlaryň nazarynda ak bagtyň şuglasy nur saçýar. Olar şeýle bagty peşgeş berýän milli Liderimize alkyşlar aýdýarlar. Bu günki baýramçylyk dabarasy olaryň eşretli durmuşyna aýratyn görk berdi. Gadymy Şasenem ýaýlasyny gurşap alan toý şowhuny oňa gatnaşyjylarda unudylmajak täsir galdyrdy.

 Uly sport baýramçylygyna ýokary derejede taýýarlyk görýän abadan ýurdumyzyň her güni şeýle ajaýyplyklara beslenýär. Şeýle bagtyýarlyk üçin Gahryman Arkadagymyza aýdylýan alkyşlar bolsa egsilmezdir.

"Türkmenistan".

Habarlar #Atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: