Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi11 Oktýabr, 2016 (15:03)

BölümAtly ýöriş

BelliklerAtly ýöriş

Giň sähra keşdedir bedew gadamy

Atly ýöriş Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasyna geldi.

Gözel paýtagtymyzda geçirilýän V Aziýa oýunlary mynasybetli 500 günlük atly ýörişe gatnaşyjylar ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň çägindäki Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynda dabaraly garşy alyndy. Türkmen tebigatynyň iň görkana künjegi bolan bu gözel giňişlikde il sylagly ýaşulularyň, jemgyýetçilik wekilleriniň, tebigaty goraýyş ulgamynyň işgärleriniň, medeniýet we sungat ussatlarynyň, ekologlaryň, sport tälimçileriniň hem ýaş türgenleriň uly toparynyň gatnaşmagynda baýramçylyk çäresi boldy. Asylly däbe görä, ýörişe gatnaşyjy 17 atly ýigit çöl ösümlikleriniň öwşün atýan, täze döredilýän tokaý zolagy bilen gurşalan ummasyz giňişligiň çäginde baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançany aralap geçdiler.

Bu ýaýylyp ýatan giňişligiň tämiz hem tebigy durky täsinligi hem aýratyn täsirliligi bilen müdimi hakydaňda galýar: Günüň howry bilen ýüzi gaýzygan meýdan, bütin gözýetimi tutup, saralyp ýatan alaňlar nazaryňa sygmaýar, birdenem derýanyň gadymy hanasy peýda bolýar. Onuň çuňňur düýbi, suwuň kert eňňit ýasan kenarynyň çylgam-çylgam ýüzüniň kükürtsöw reňki gadymyýetiň doňdurylan keşbine meňzeýär. Uzboý düzlüginde guran derýanyň yzy, birmahallar Hazar deňzine guýan, soň-soňlar Arala ýüzüni öwren Amyderýanyň gadymy hanasy gadymyýet kitabynyň syrly sahypasyny ýada salýar. Onuň kenar ýakasynyň bütin dowamynda gadymy şäherleriň harabalary, kerwen ýollarynyň yzlary, aramgähler, özboluşly suwaryş desgasynyň, akabalaryň ençemesiniň galyndylary saklanýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu gadymy mekana döwran dolandy, bu ýerleriň tebigy durkuny saklamak, onuň haýwanat we ösümlik dünýäsini goramak hem baýlaşdyrmak, şunuň bilen baglylykda tokaý zolaklaryny döretmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Tebigy toplumlary kämil derejede gorap saklamak maksady bilen 1979-njy ýylda döredilen Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy häzirki döwürde sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda alnyp barylýan möhüm işlerde netijeli orun eýeleýär.

Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynda çöl ösümlikleriniň 300 müň düýbüniň şitilleri we nahallary ösdürilip ýetişdirildi, olaryň aglaba bölegi goraghananyň çägindäki ýerlere ekildi, düýp tutan şol çöl ösümlikleri ýaşyl zolaga öwrülip, howanyň arassalygy üçin tebigy taýdan hyzmat edip ugrady.

Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilýän çöketliginden uç alyp gaýdýar. Şol giňişligiň gutaran ýerinden 110 kilometre uzap gidýän Gaplaňgyr beýikligi başlanýar. Uzak geçmişde bu ýerlerde gum gaplaňlary juda kän ekeni. Onuň adynyň giň sährada topar-topar mesgen tutan şol gum gaplaňlary bilen baglanyşykly dörändigi mälimdir. Döwlet tebigy goraghanasynyň umumy tutýan meýdany 275 müň gektara barabardyr. Onuň düzümine girýän Şasenem hem Uzboý çäkli goraghanalarynyň meýdanyny hem goşsaň, onda goraghananyň tutýan meýdanynyň möçberi ep-esli artýar. Bu ýerler baý ösümlik hem haýwanat dünýäsi bilen haýran galdyrýar. Häzirki wagtda onuň ösümlik dünýäsi 400 görnüşe barabardyr. Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde süýrenijileriň 21 görnüşine, guşlaryň 213 görnüşine, süýt emdirijileriň hem 45 görnüşine duş gelinýär. Goraghananyň hünärmenleri gözel tebigatymyza ýaraşyk berýän gulanlaryň sanyny köpeltmek boýunça hem netijeli işleri alyp bardylar. Onlarça ýyl mundan ozal seýrekläp ugran bu çöl haýwanlarynyň uly topary beýleki goraghanalardan getirildi. Birnäçe ýylyň dowamynda olaryň baş sany artdy. Häzirki wagtda gulanlaryň süri-süri bolup, güzere gelýän ajaýyp görnüşi göwnüňi göterýär.

Hormatly Prezidentimiziň tebigaty goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky beýik başlangyçlary diňe bir bu sebitde däl, eýsem, halkara derejede hem uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn we uzakmöhletleýin ekologiýa syýasaty jemgyýetimiziň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, umuman, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Atly ýörişe gatnaşyjy ezber ýigitler bu sebitde alnyp barylýan giň gerimli işleriň şaýady boldular, türkmen tebigatynyň gözelliklerine syn etdiler, häzirki wagtda tebigaty goramak bilen bagly geçirilýän çäreler bilen tanyşdylar. Uludan tutulan toýlary ýada salýan baýramçylyk dabarasynyň dowamynda goraghananyň işgärleri atly ýigitleri ýeneki täze menzile, atly ýörişiň indiki düşläp geçjek gözel künjegine sary ugratdylar.

Ýelden ýyndam gamyşgulak bedewler ynsan nazaryna sygmaýan ümmülmez sähranyň goýnuna täsin keşde çekip, ýola düşdi; ak bagtdan nurlanan täze eýýamyň bu ajaýyp pursady barça ýüreklere unudylmajak täsirleri, mähribanlygy hem egsilmez şatlygy paýlady. Bu gözel görnüşde abadan ýurduň beýik badynyň, güýç-kuwwatynyň, hemişelik ýar bolan ak bagtynyň synmaz ruhy şugla saçýar.

"Türkmenistan".

 

Habarlar #Atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: