Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi12 Sentýabr, 2016 (15:07)

BölümAtly ýöriş

BelliklerAtly ýöriş

Atlylar Hazar şäherinde

Owadanlykda, ýüwrüklikde, çydamlylykda, gözellikde dünýäde deňi-taýy bolmadyk türkmen bedewleriniň on ýedisine atlanan ýigitleriň Diýarymyzyň günbatar sebitini jähekläp oturan, biri beýlekisinden täsin tebigat gözelliklerini öz goýnunda jemlän mekandaky ýörişleri şu günler ýokary ruhubelentlikde dowam edýär. Ýakynda bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolan «Mollagara» şypahanasynyň tebigy melhemleri bilen içgin tanşyp, göwnühoşluk bilen ýola düşen atlylary bu gün welaýatyň ýene bir täsin künjeginde — gojaman deňziň kenarynda ýerleşýän Hazar şäheriniň ýaşaýjylary — il sylagly ýaşululary, mährem eneleri, ýaşlary medeniýet we sungat işgärleri, gadyrly garşyladylar.

Atly ýörişe gatnaşyjylaryň garşylanyş dabarasy «Türkmennebit» döwlet konserniniň 400 orunlyk «Gara altyn» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň ajaýyp howlusynyň öňünde, altmyş başly ak öýlerden döredilen gadymy türkmen obasynda geçirildi. Bu ýerde ümä üýşen gelin-gyzlaryň el işlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirişleri, aýdan hüwdüleri, kakan läleleri, belent owazda ýaňlanan gazallary myhmanlaryň ruhuny has-da belende göterdi. «Akja ýar» halk döredijilik toparynyň ýerine ýetiren küştdepdisi bu ýere ýygnananlaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Bu ýerde gurnalan sergi deňiz kenaryndaky özboluşly şäheriň geçmişi, şu güni barada baý maglumat berýär. Ýerli ýaşaýjylar çaklaňja taýmyllarda deňizden balyk awlamak pursatlaryny görkezdiler.

Soňra şäheriň merkezine tarap ugran atlylar ýolugra kuwwatly «Hazar» gaz gysyjy desgasyny synladylar. Häzirki zamanyň kämil enjamlary ornaşdyrylan bu desga Çeleken ýatagyndan alynýan «gara altynyň» möçberini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Aslynda hem, Çeleken ýarym adasynyň täsin taryhy bar. Atly ýörişe gatnaşyjylar bu barada Hazar şäheriniň ýaşaýjysy, hormatly dynç alyşdaky mugallym Halnazar Çarwaýew bilen onuň bereketli ojagynda gürrüňdeş bolanlarynda, köp maglumatlary aldylar. Asty hem üsti hazynalar mesgeni bolan bu toprakda nebiti senagat taýdan peýdalanmagyň taryhy asyrlara uzap gidýär. Biziň Diýarymyzda guýulardan nebit çig malyny almak 1742 — 1875-nji ýyllarda ýola goýlupdyr. Bu hakykaty grek, arap, rus syýahatçylarynyň galdyran taryhy maglumatlary hem tassyklaýar. Eýýäm 1876-njy ýylda Çelekenden çykarylýan nebitiň hasabaty ýöredilip başlanypdyr.

Aslynda, türkmen nebitiniň taryhyny Çelekenden üzňe göz öňüne getirip bolmaz. Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýerleşýän Çeleken ýarym adasy, bilermenleriň tassyklamagyna görä, uglewodorod çig mallarynyň juda köp gorlaryny öz goýnunda saklaýar. Çeleken geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda deňiz suwunyň göz-görtele çekilmegi bilen, ozal ada bolanlygyndan, ýarym ada öwrülýär. Häzirki wagtda günbatardan gündogarlygyna kyrk kilometre golaý uzalyp gidýän ýarym adanyň tutýan meýdany bäş ýüz inedördül kilometre deňeçerdir. Esasan, çägeden we şorluklardan ybarat düzlükde ýerleşýän ýarym adanyň iň beýik ýeri (Çokrak dagy) 120 metre-de ýetenok. Tektonik hereketiniň netijesinde ol ençeme gezek gorizontal we wertikal döwülmelere uçraýar hem-de belli bir ugry bolmadyk döwüm çyzyklary emele getirýär. Munuň özi ýeriň çuň gatlaklaryndan läbik wulkanlaryň atylyp, ýodly-bromly suwlaryň çogup çykmagyna sebäp bolýar. Ýarym adada ygalyň ýyllyk mukdary 110 — 120 millimetr, ortaça ýyllyk temperaturasy bolsa 14,7 gradusa barabardyr. Bu ýerde güýçli ösýän ýeller adaty hadysadyr. Ýarym adanyň şorlaşan çägeli topragynda garak, şora, ýylgyn we aklaňlarda bolsa gandym, çerkez, selin gabat gelýär. Haýwanat dünýäsiniň garyplygyna garamazdan, bu ýerde suw guşlary juda köpdür.

Ýeri gelende aýtsak, Çeleken — «çar» we «kän» sözlerinden emele gelip, ol «dört kän», ýa-da «dört baýlyk» (nebit, nebitdakyl, duz, boýag) diýen manyny aňladýar. Ozallar «Akjaýar», soňra «Çeleken» diýlip atlandyrylan häzirki Hazar şäherinde ýoddur brom öndürýän himiýa, gurum öndürýän tehniki uglerod zawodlary bolup, olar dünýä belli kärhanalardyr. Şonuň ýaly-da, bu ýerde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Galkynyşnebit» nebit-gaz çykaryjy müdirligi ýeriň jümmüşinden «gara altyn» çykarmak işini alyp barýar. Geçen asyryň başlarynda bu ýerde burawlanan guýulardan nebit fontanlary atylyp çykypdyr. 1949-njy ýylda agtaryş-burawlaýyş işlerine täzeden badalga berilýär we 1950-nji ýylda bir müň metr çuňlukdan nebit alynýar. ÕIÕ asyryň ýetmişinji ýyllarynda doganlar Nobelleriň iş alyp baran bu käninde mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan bäri tutumly işler amala aşyrylýar. Bu baýlyklar mesgeninden alynýan gymmatly çig mal  halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirilýär. Munuň üçin bu bereketli mekanyň ýaşaýjylarynyň hormatly Prezidentimize alkyşlarynyň çägi ýok.

Myhmanlar soňra Hazar şäheriniň tutuşlygyna döwrebaplaşdyrylan iki gatly saglyk öýünde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly meşhur ensiklopedik eserlerinde görkezilen melhemlik otlardan taýýarlanan çaýlary höwes bilen içip, teşneliklerini gandyrdylar. Täze gurlan çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, labyzly okap beren goşgulary myhmanlaryň göwünlerini göterdi. Ýokary hil ülňülerine laýyk gurlan sport mekdebi bilen tanyşlygyň dowamynda şäheriň türgenleriniň dürli ýaryşlarda gazanan üstünliklerinden habar berýän sergini synladylar, olaryň görkezme çykyşlaryna we bäsleşiklerine tomaşa etdiler.

Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryny dünýä derejesinde wagyz etmegi, Garaşsyz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň mynasyp dowamat tapýandygyny ilata görkezmegi maksat edinen atly ýörişe gatnaşyjylaryň şanyna deňziň kenarynda guralan dabaralar has-da şowhunly boldy. Bu ýerde belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň dünýä nusgalyk eşretleri, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň düýp many-mazmuny, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri öz beýanyny tapdy. Şol pursatda deňizde erkana ýüzüş edip, kenarda labyr taşlan, ähli amatlyklary bolan «Çarlak» ýolagçy gämisine münüp gören atly ýörişe gatnaşyjylar öz merdana halky üçin gijesini-gündiz edip işleýän milli Liderimize müň mertebe alkyş aýtdylar. Ýatdan çykmajak bagtly pursatlary kalplarynda beslän atly ýörişe gatnaşyjylar soňra indiki ýetmeli menzillerine — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap buýsanç bilen ýola düşdüler.

"Türkmenistan".

Habarlar #Atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: