Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi20 Sentýabr, 2016 (15:14)

BölümAtly ýöriş

BelliklerAtly ýöriş

Argamak bedewler Awazada

Paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bäş ýüz gün galanda, ýurdumyzyň welaýatlaryna ýörişe çykan atlylar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gadam basdylar.
Behişdi bedewlere ýokary ussatlyk bilen erk edip gelen ýigitleriň on ýedisinden ybarat topary, ilki bilen, «Deňiz söwda floty» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň deňiz menzilinde ýaşuly nesliň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, Balkan atçylyk sport toplumynyň hünärmenleri, medeniýet we sungat işgärleri, köp sanly ýerli ýaşaýjylar duz-çörek, güler ýüz bilen mähirli garşyladylar. Şol pursatda deňiz menziline labyr taşlan «Çarlak» ýolagçy gämisiniň öňündäki baýramçylyk keşbine beslenen duralgada belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň rowaç ýoly belentden wasp edidi. Soňra atly ýörişe gatnaşyjylar milli Liderimiziň öňdengörüjiligi, taýsyz pähim-paýhasy bilen, dünýäde meşhurlygy barha artýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ýola düşdüler.

Olar Awazadaky Berkarar we Oguz han şaýollarynyň çatrygynda gurlan, beýikligi ýüz metre ýetýän Baş baýdak meýdançasyny, onuň töwereklerindäki ynsan eli bilen döredilip, tebigat bilen ajaýyp sazlaşygy kemala getirýän gözellikleri uly buýsanç bilen synladylar. Hut şu ýerden başlanýan Türkmenbaşy şäheriniň täze döredilen Awaza etrabynyň merkezini hem-de milli syýahatçylyk zolagyny synlamak atly ýörişe gatnaşyjylaryň ruhuny has-da belende göterdi. Bu ýerde olar soňky iki-üç ýylyň dowamynda tarp ýerde gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylan edara binalaryny, dürli maksatly ymaratlardyr desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny, biri beýlekisinden zynatly myhmanhanalardyr sagaldyş-dynç alyş merkezlerini, olaryň aralarynda döredilen müň bir öwüşginli suw çüwdürimlerini, al-ýaşyl bagy-bossanlyklara bürenen seýilgähleri höwes bilen synladylar. Atlylar Hazar deňziniň arassa kenarynda ýerleşýän «Deňiz», «Bagtyýar», «Hazar» myhmanhanalaryna baryp, olarda adamlaryň sapaly we medeniýetli dynç alyp, saglyklaryny berkitmekleri üçin döredilen ýokary derejedäki mümkinçilikler bilen hem içgin tanyşdylar. Binagärlik gurluşy babatda biri-birinden tapawutlanýan bu köp gatly myhmanhanalaryň daşky görnüşi-de, olaryň içindäki sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, dynç almaga döredilen ajaýyp şertler hem myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanyşa tabşyrylan bäş ýyldyzly «Gämi» myhmanhanasynyň öňünden «Tolkun» ýaht-klubyna tarap gurnalan dabaraly ýörişe welosipedçiler, dürli ýaryşlarda gazanan medallaryny buýsanç bilen dakynan türgenler, olaryň tälimçileri, ýaşuly nesliň wekilleri bilen birlikde atlylar hem ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. «Tolkun» ýaht-klubynyň howlusynda ýörite gurnalan sahnada we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan medeni-sport çäreleri has-da ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Mawy deňizde erkana ýüzüp ýören dürli göwrümli gämilerdir gaýyklar bilen ajaýyp sazlaşygy emele getiren bu künjekde türgenleriň görkezme çykyşlary, sportuň milli görnüşleri boýunça bäsleşikleri, medeniýet we sungat ussatlarynyň, tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary atly ýörişiň şanyna bu ýere ýygnanan köp sanly adamlara çäksiz ruhy lezzet paýlady. Joşgunly küştdepdiden, belent owazlarda aýdylan gazallardan ruhlanan atly ýörişe gatnaşyjylar soňra bu nurana zolakda milli Liderimiziň taryhy çözgütleri esasynda nesil daragtymyzyň dowamaty boljak çagalar üçin gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylan «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni» we «Älemgoşar» attraksionly seýilgähler toplumlaryna gelip, bedewlerinden düşüp, höwes bilen aýlanyp gördüler. Körpeleriň hem-de mekdep okuwçylarynyň wagtlaryny gaýgy-gamsyz, şadyýan geçirip, başarnyklaryny ýokarlandyrmak üçin aňrybaş şertler döredilen seýilgähler bilen içgin tanşan atly ýörişe gatnaşyjylar ata Watanymyz Türkmenistanyň hakykatdan hem bagtyýar çagalaryň mekanydygyna ýene bir öwra açykdan aýdyň göz ýetirdiler hem-de ýaş nesil baradaky bu taýsyz aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

    Atlylaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ýokary ruhubelentlikde geçiren ýörişiniň tutuş dowamynda barlyp görlen ýerlerde medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryny ýurdy dolandyrmagyň baş ýörelgesine öwren Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna amala aşyrýan ägirt uly işleri, ynsanperwer içeri we daşary syýasaty, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň rowaçlyklary, türkmen sportunyň ýeten belentlikleri, behişdi bedewlerimiziň waspy öz mynasyp beýanyny tapdy.

"Türkmenistan".

Habarlar #Atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: