Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi26 Awgust, 2016 (15:45)

BölümAtly ýöriş

BelliklerAtly ýöriş

Atly ýöriş uly Balkan dagynyň alkymynda

2017-nji ýylyň güýzünde paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, şu ýylyň maý aýynyň başynda gadymy Nusaý galasyndan ýola düşen atly ýöriş indi birnäçe wagt bäri Balkan welaýatynyň çäklerinde buýsanç bilen dowam edýär. Döwlet tugumyzy, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-de Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny berdaşly gollarynda mäkäm tutup, behişdi bedewlerimiziň on ýedisine atlanan ýigitler bu nurana mekanyň diňe bir ykdysady ösüşleriň, medeni-durmuş özgertmeleriniň däl-de, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgesiniň hem günsaýyn rowaçlyk tapýan mesgenidigine her bir oba-kentde, etrap merkezlerinde we şäherlerde göz ýetirýärler. Ýörişe gatnaşyjylar bu hakykata Gumdag we Balkanabat şäherlerine baranlarynda hem şaýat boldular.
Ýüz günüň dowamynda tutuş Balkan welaýaty boýunça geçmeli menzilleriniň umumy uzynlygy 1 müň 572 kilometre ýetýän atly ýörişe gatnaşyjylar häzire çenli 850 kilometre barabar aralygy yzda galdyryp, türkmen nebitçileriniň baýry mesgenleriniň biri bolan Gumdag şäherine gelip ýetdiler. Biri-birine ekiztaýy ýaly meňzeş gyrkylyk yzly guba çägelerden dörän depeleriň goýnunda gije-gündiz dynman hereket edýän buraw desgalarydyr nebit guýularyny synlap gelen atly ýigitleri gumdaglylar şäheriň girelgesinde uludan tutulan dabara, güler ýüz, duz-çörek, joşgunly aýdym-sazlar bilen garşyladylar. Myhmanlar ýaşuly nesliň wekilleriniň, türgenleriň we ýerli ýaşaýjylaryň goşulyşmagynda Gumdag şäheriniň esasy köçeleri bilen dabaraly ýörişe başladylar.

Ýörişe gatnaşyjylary şäherde soňky ýyllarda bina edilen saglyk öýüniň, çagalar bagynyň, mekdebiň öňüne ýygnanan märekäniň şatlyk-şowhun bilen mübäreklemesi ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Taryhy ýörişe gatnaşyjy ýigitler köp gatly täze mekdebiň howlusynda tutulan dabara, bu ýerde amaly-haşam sungatynyň täsin el işlerinden gurnalan sergilere höwes bilen tomaşa etdiler. Gelin-gyzlaryň läleleri, hüwdüleri, gazallary ussatlyk bilen ýerine ýetirip, gadymdan gelýän senetlerimiziň taýýarlanyşyny jikme-jik görkezişleri, folklorçylaryň joşgunly çykyşlary bu ýere ýygnananlara şatlyk paýlady.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Gumdag şäherinde gurlan sport mekdebiniň zallarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrylan ýaryşlar has hem şowhunly boldy. Şu ýerde atly ýörişe gatnaşýan ýigitler şaşka oýny boýunça ýerli türgenler bilen bäsleşip, öz başarnyklaryny görkezdiler.

Şeýle ajaýyp pursatlardan soň dabaraly ýagdaýda ýola salnan atlylar welaýat merkeziniň golaýyndaky üç müň tomaşaçy orunlyk Balkan atçylyk sport toplumyna gelip ýetdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurlan bu ajaýyp toplumda bedewleri seýislemek, olara weterinariýa gözegçiligini ýola goýmak, ýokary derejedäki çapyşyklary geçirmek üçin ähli şertleriň döredilendiginiň gözli şaýady boldular. Soňra gamyşgulak bedewleri seýisläp ýola düşen atlylary welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki 10 müň tomaşaçy orunlyk sport toplumynyň ýanyna ýygnanan ýaşuly nesliň wekilleri duz-çörek bilen garşyladylar. Hut şu ýerden atlylaryň bu şäher bilen tanyşlygy başlandy. Welaýat merkeziniň özboluşly nyşanyna öwrülen “Ilkinjiler” ýadygärligi, onuň töweregindäki seýilgählerde göwnühoş dynç alyp, çagalarydyr agtyklary bilen gezelenç edýän balkanabatlylar myhmanlarda aýratyn täsirleri galdyrdy.

Welaýat merkezindäki şaýoluň ugrunda ýerleşýän öýleriň birinde ýaňy bäbekhanadan getirilen, täze dünýä inen körpäniň hormatyna berjaý edilýän milli däp-dessurlara gabat gelmeklerini atly ýörişe gatnaşyjylar bagtyýarlykdan nyşan bilip, bäbejigi höwes bilen maňlaýa syldylar.

Atly ýörişe gatnaşyjylar Balkan welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine hem baryp gördüler. Bu häzirki zaman arhitekturasynyň täsin nusgasyna öwrülen ymaratda şol pursat halk döredijiligi boýunça bäsleşik geçirilýärdi. Muzeýiň dürli ugurlara ýöriteleşdirilen zallaryndaky täsin eksponatlardyr gadymy tapyndylar myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Olaryň her biri bu mekanyň öz köklerini gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýandygy barada gürrüň berýärdi.

Sebit merkezindäki Gahryman Arkadagymyzyň gurduryp beren köp gatly täze kitaphanasy bilen tanyşlyk bolsa, bu ýerde gurnalan sergiden başlandy. Soňra kitaphananyň aýry-aýry ugurlara ýöriteleşdirilen okalga zallaryny ýakyndan synlan myhmanlar bu ýerde okamak, internet hyzmatlaryndan peýdalanmak, gadymy hem seýrek kitaplar bilen tanyşmak üçin ähli şertleriň döredilendigine göz ýetirdiler. Okalga zallaryndaky okyjylaryň köp bolmagy bolsa, ata Watanymyzyň bu künjeginde kitaba bolan höwesiň çäksizdiginiň kepiline öwrüldi.

Balkanabatdaky “Bagt köşgi”, hakykatdan hem, bagtyýarlygyň, ykballaryny birek-birege baglap, toý tutýanlaryň mukaddes ojagydyr. Atly ýörişe gatnaşyjylar bu köp gatly täsin ymarata gelenlerinde, şol gün durmuş toýlaryny tutýan ýaşlaryň resminamalarynyň resmileşdirilýän pursadyna gabat geldi. Juda yhlas bilen bezelen gelnalyjy ulaglary, belentden ýaňlanýan aýdym-sazlar bu ajaýyp pursada aýratyn nuranalyk şuglasyny çaýdy. “Bagt köşgüniň” garşysyndaky Balkan welaýat döwlet drama teatry atly ýörişe gatnaşyjylary täze sahnalaşdyrylan oýunlarynyň gidip duran pursady bilen garşylady. Teatryň artistleriniň sahnada ussatlyk bilen janlandyrýan keşpleri myhmanlaryň dowamly elçarpyşmalary bilen mübäreklendi.

Atly ýörişe gatnaşyjylaryň şanyna sebitiň sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda welaýat kitaphanasynyň öňündäki giň meýdançada gurnalan konsert many-mazmuna baýlygy, göwünlere ruhy lezzet paýlaýşy bilen tapawutlandy. Birkemsiz bezelen meýdançada ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eşretleri, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan ägirt uly işleri, Diýarymyzda gazanylýan ajaýyp ösüşler beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň atly ýörişe gatnaşyjylaryň hormatyna Balkanabatdaky “Bagt ojagy” toý mekanynda gurnan aýdym-sazly dabarasy göwün göteriji pursatlara juda baý boldy. Bu ýerde belentden ýaňlanan aýdym-sazlar, hormatly Prezidentimiziň adyna aýdylan tükeniksiz alkyşlar, sport ulgamynda gazanylýan ösüşler baradaky söhbetler hem juda täsirli boldy. Çäräni gurnaýjylar hormatly Prezidentimiziň adyndan atly ýörişe gatnaşyjy ýigitlere gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurdylar.

Türkmen nebitçileriniň mesgeni bolan Gumdag we Balkanabat şäherlerinde şatlyk-şowhun bilen garşylanan atly ýörişe gatnaşyjylar soňra welaýat merkezindäki sport toplumynyň ýanyndan indiki ýetmeli menzillerine — diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýäde meşhur bolan Mollagara şypahanasyna tarap ýola düşdüler.

"Türkmenistan".

Habarlar #Atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: