Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi26 Sentýabr, 2016 (15:53)

BölümAtly ýöriş

BelliklerAtly ýöriş

Atlylar Türkmenbaşy şäherinde

Paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan taryhy atly ýörişe gatnaşyjylar Balkan welaýatynyň agzybir, merdana ilatly oba-kentleriniň, şäherleridir etrap merkezleriniň, tebigat gözellikleriniň, Parawbibi mawzoleýiniň, Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň, “Gadymy Dehistanyň”, meşhur “Mollagara” şypahanasynyň, dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrülen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň duşundan geçip, diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň Ýewropa yklymyna tarap deňiz derwezesi hökmünde tanalýan Türkmenbaşy şäherine gadam basdylar. Berdaşly gollarynda berkarar Diýarymyzyň Döwlet tuguny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-de Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny ynamly göterip gelen atly ýörişe gatnaşýan balkanly ýigitleri kenarýaka şäheriň ýaşuly nesliniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de bu täsin künjegiň köp sanly ýaşaýjylary deňziň sapaly kenarynda duz-çörek bilen garşylap, güler ýüz, şatlyk-şowhun bilen mübäreklediler.

Ýurdumyzyň kenarýaka şäheriniň tämizligi, howasynyň ajaýyplygy, dürli maksatly ymaratlarynyň biri-birinden zyýadalygy, ýaşaýjylarynyň mähir-muhabbetliligi atly ýörişe gatnaşyjylaryň köňül guşuny al asmana göterdi. Şonuň üçin hem olar deňziň kenary bilen ençeme kilometre çenli uzap gidýän Bahry-Hazar köçesi bilen badalga berlen ýörişe ýokary ruhubelentlikde gadam goýdular. Bu şaýoluň ugrundaky Ruhyýet köşgüniň öňündäki ajaýyp seýilgähde baýramçylyk joşguny höküm sürdi.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gurlan 10-njy orta mekdep, 25-nji we 26-njy çagalar baglary hem bu ajaýyp şaýoluň görküne görk goşup, myhmanlaryň ünsüni bada-bat özüne çekdi. Atlylar münüp gelýän bedewlerinden düşüp, ähli amatlyklary bolan bu häzirki zaman bilim we terbiýe ojaklaryna höwes bilen aýlanyp gördüler. Mekdepdäki synp otaglarynyň dersler boýunça sapak geçmek üçin iň bir kämil okuw esbaplarydyr enjamlary bilen aňryçäk üpjünçiligi myhmanlaryň buýsanjyny goşalandyrdy. Çagalar baglarynyň otaglarynda hem körpelere göreldeli terbiýe bermek, olaryň wagtyny şadyýan geçirmegi üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Bu bilim we terbiýe ojaklarynda okuwçy ýaşlaryň hem-de körpeleriň ajaýyp döwrümizi wasp edip labyzly okap beren goşgulary atly ýörişe gatnaşyjylaryň dowamly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Şäheriň ajaýyp köçeleri bilen buýsançly gelýän atlylary Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň merkezi edara jaýynyň öňüne ýygnanan deňizçiler uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Ummanda erkana ýüzüp barýan äpet gämini ýada salýan bu köp gatly ymaratyň binagärlik gurluşynyň ajaýyplygy myhmanlaryň ünsüni çekdi. Gullugyň hünärmenleri atly ýörişe gatnaşyjylary Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň işi bilen tanyşmaga çagyrdylar. Hormatly Prezidentimiziň taryhy çözgütleri esasynda häzirki wagtda bu dünýä belli porty döwrebaplaşdyrmak maksady bilen giň gerimli işler gyzgalaňly dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň satyn alyp beren ýokary ýük göterijiligi bolan gämilere hut şu ýerde ýük ýüklenilip, olaryň alyp gelen ýükleri hiç bir bökdençsiz düşürilýär. Munuň üçin port häzirki zaman dünýäsiniň iň bir kuwwatly ýük ýükläp düşürijileri, gaýry tehniki serişdeleri we tilsimatlary bilen birkemsiz üpjün edilipdir. Bu bolsa portda amala aşyrylýan işleriň her birini ýokary talaplara laýyk alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Deňizçiler bilen mähirli hoşlaşan atly ýörişe gatnaşyjylary soňra kenarýaka şäherindäki Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işçi-gullukçylarydyr inžener-tehniki işgärleri kärhananyň baş binasynyň öňünde gadyrly garşyladylar. Diňe bir ýurdumyzyň ýa-da sebitiň däl, eýsem, tutuş dünýäniň ýangyç-energetika ulgamynyň ägirt uly senagat kärhanasy hökmünde ykrar edilen bu toplumyň her bir zawodynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň Günbatar sebitdäki uglewodorod çig mallaryna baý ýataklardan alýan “gara altynyndan” taýýarlanýan nebit-himiýa önümleri bu gün içerki we daşarky bazarlaryň köp isleg bildirýän harytlary bolup durýar.
Hazar deňziniň arassa kenaryna abanyp oturan dagyň belentli-pesli gerişleriniň arasynda ýerleşen, dünýäniň çar künjegine gara, howa, deňiz we polat ýollar arkaly çykmaga giň mümkinçilikleri bolan Türkmenbaşy şäheriniň başga-da köp sanly ajaýyplyklary, täsinlikleri bilen tanyşlykdan, medeni-sport toplumynda guralan konsertden buýsançly lezzet alan atly ýörişe gatnaşyjylar soňra uly ýola aýratyn görk berip oturan “Ýelken” we “Daýanç” binalarynyň duşundan geçip, Türkmenbaşy Halkara aeroportuna tarap ugur aldylar. Ähli babatda dünýä nusgalyk bu ajaýyp howa menzili bilen tanşan atly ýörişe gatnaşyjylary şu ýerden nobatdaky ýetmeli menzillerine — “Altyn Asyr” Türkmen kölüne tarap dabaraly ýagdaýda ýola saldylar.

"Türkmenistan".

Habarlar #Atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: