Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi31 Oktýabr, 2016 (15:57)

BölümAtly ýöriş

BelliklerAtly ýöriş

Atly ýöriş Bötendaga geldi

Geljek ýylda gözel paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli badalga berlen 500 günlük atly ýörişe gatnaşyjylar ýakynda Daşoguz welaýatynyň demirgazyk künjegindäki ata-baba oturymly gadymy mekan bolan Bötendagda dabaraly garşy alyndy. Geçen hepde Sarygamyş kölüniň güzerinde düşlän atly ýigitler giň sähranyň gül goýnuny aralap, esli ýol geçdiler. Pessaýlap süýşýän ak bulutlara gol berip, howalanyp oturan Bötendagyň degre-daşy baýramçylyk lybasyna beslendi; ata-baba asylly däbe görä tutulan ak öýleriň uzyn hatary toý şatlygy bilen gurşalyp, sähranyň müň öwüşginli gözelligine aýratyn görk berdi. Uly sport baýramynyň buşlukçylary bolan ýörişe gatnaşyjy 17 atly ýigit üçin bu gadymy mekandaky dabaralar unudylmajak pursada öwrüldi; olar Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen Bötendagyň eteginde täze döredilýän tokaý zolagynda agaç nahallaryny oturdyp, döwletli işlere şärik boldular. Häzirki wagtda 20 müň gektar meýdanda tokaý zolagyny döretmek, şunlukda Aralyň zyýanly täsirlerini peseltmek bilen bagly uly işler alnyp barylýar. Bötendagyň çar tarapynda täze döredilen tokaý zolagynda çöl ösümlikleri sähra giňişligine görk berip, öwşün atýar. Türkmen tebigatynyň iň görkana künjeginde açyk asman astynda guralan giň sahnada ýaňlanýan aýdym-sazlara beslenen baýramçylyk dabarasyna il sylagly ýaşulularyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň, sport tälimçileriniň hem ýaş türgenleriň uly topary gatnaşdy.
Ýurdumyzyň demirgazygyndaky Sarygamyş kölünden 20 kilometr gündogarda ýerleşýän Bötendag belentliginiň uzynlygy üç-dört kilometrden köp däl, onuň gabarasy bir nazarda göz aýtymyna sygýar. Onuň döreýiş taryhy hakda halk rowaýatlarynyň ençemesi bar. Olaryň birinde aýdylyşyna görä, keramatly Käbeden has alysda ýaşaýan adamlaryň haj zyýaratynyň wysal bolmagy üçin ol bir gijede şu ýere göçürilipdir. “Başga ýerden gelen” diýen manyny aňladýan Bötendag ady hem şondan galypdyr diýilýär. Bu belentligiň iň kert eňňitli günorta çetinde musulman dünýäsinde Ybraýym Edhem ady bilen meşhur keramatly piriň aramgähi ýerleşýär. Haýyr işlerinden sogaply adamlar şol aramgähe çykmak üçin ýüzlerçe basgançakly ýoly çekdiler. Belentligiň depesine şol basgançaklar bilen çykýan adamyň göwni teselli tapýar. Gögüň mawumtyl gümmezine golaýlaýan belentligiň çulbasynda ýadygärlikler toplumy bar. Alysdan-ýakyndan gelýän zyýaratçylar bu keramatly ýerde ýagşy dilegler edýärler, ak niýetlere gol berýärler. Bötendagyň ileri ýüzünde çarwalar obasy ýerleşýär. Birwagtlar çopanlar üçin ýazlag ýeri bolan obada ojak tutup, goş ýazdyranlaryň sany köpelip ugraýar. Tünüderýanyň köne akym ugrunda ýerleşýän bu obada häzir segsene golaý maşgala ýaşaýar.

Bu ýerleriň gadymy döwürlerde oturymly mekan bolandygyny aňladýan görnüşler az däl. Tünüderýanyň akym ugrunyň iki ýakasyna siňňin seretseň, ýalazy giňişlikde gadymy ýaplaryň, atyz-çilleriň yzlary mesaňa bildirýär. Bötendagyň gündogar tarapynda taryhy çeşmelerde “Adak” ady bilen duş gelýän, häzirki döwürde “Akgala” diýlip atlandyrylýan gadymy galanyň harabasy saklanyp galypdyr. Obanyň guýularynyň 54 metr çuňlukdan çykýan süýji suwy bar — bir içseň, onuň tagamyny uzakly gün unudyp bilmeýärsiň. Ata-baba çarwaçylyga werziş eden oba adamlary ekerançylyk bilenem meşgul bolýarlar: her ýerde daşy germelip, agyl edilen atyzlarda düme ekilip, gök-bakja ýetişdirilýär. Baharyň ygally gelen ýyllary şol atyzlarda gawun-garpyzyň, künjiniň gowy hasyly ýetişdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýarlyk döwrümizde amala aşyrýan sahawatly işleri bilen bu ýerlere döwran dolanýar, öň akan aryklaryň ýene-de akýandygyny adam eliniň ymgyr çöllükleri gülzarlyga besleýändigi bilen hakykata öwürýär.

Ýörişe gatnaşýan atly ýigitler uludan tutulan türkmen toýlarynyň barça öwüşginlerini özünde jemleýän baýramçylyk meýdançasyny aralap geçdiler, bu giň meýdanda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň ruhunda milli däp-dessurlar esasynda toý görnüşleri ýaýbaňlandyryldy. Ak öýleriň biriniň öňünde täze gelin garşy alnyp, gelin toýunyň şowhunyna gurşalsa, ýene bir öýüň degresinde täze dogan çagajyga toý tutuldy. Beýleki öýleriň ýanynda gyzlar läle kakyp, bir-biregiňkä ümä geldiler, haly dokap, üýşüp, keşde çekdiler. Atly ýigitler altyn güýzüň tylla reňki bilen görklenen sähra giňişligine ýaýylyp barýan ýaşyl zolagyň boýy ýetýän ösümliklerini synladylar.

— Ýurdumyzda geçirilýän uly sport baýramçylygy mynasybetli Bötendagda bolan dabara gatnaşmak miýesser edendigine diýseň begenýärin — diýip, welaýatda giňden tanalýan tälimçi, welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň sport mugallymy Rejep Hudaýgulyýew aýdýar. — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sporty pajarlap ösýär, türgenlerimiz dünýäniň iň uly ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler, ýurdumyzyň abraýyny beýgeldýärler. Häzirki wagtda amala aşyrylýan giň möçberli işler Aşgabat şäherinde geçiriljek V Aziýa oýunlarynda ussat türgenlerimiziň ýeňişli, üstünlikli çykyş etjekdiklerine uly ynam döredýär. Toý-baýramlarymyzy goşalandyrýan, bagtyýar halkymyza egsilmez eşretleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

"Türkmenistan".

 

Habarlar #Atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: