Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi24 Noýabr, 2016 (12:45)

BölümResmi habarlar

ÇeşmeTürkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Medeni-jemgyýetçilik merkezi Olimpiýa şäherjiginiň dynç alyş infrastrukturasynda möhüm orny eýeleýär

Aziada-2017-niň guramaçylarynyň pikirlerine görä, 5400 inedördül metr meýdany eýeleýän iki gatdan ybarat bolan bina sport şäherjiginiň iň köp barylýan ýerine öwrüler. Bu ýerde gowy dynç almak, medeni çäreleri geçirmek, dürli ýurtlaryň wekilleri bilen gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça söhbetdeşlikleri geçirmek üçin ähli şertler döredilendir. 

Iki gat binanyň her gatynda döwrebap äheňde bezelen giň eýwan enjamlaşdyrylandyr. Bu ýerde saz diňlemek we ýoldaşlaryň bilen söhbetdeşlik etmek bilen, agşamlary geçirmek bolar. Isleg bildirýänler kinoteatra baryp bilerler. Örän owadan bezelen saz studiýasy instrumental sungatynyň muşdaklarynyň ygtyýaryndadyr. 

Bu dynç alyş merkezinde bilýard stolunyň başynda, oýun awtomatlarynda wagtyňy gyzykly geçirip bolar, dükana, 130 orunlyk restorana baryp bolar, bufetde we çalt naharlanmak nokadynda ýeňiljek garbanyp bolar 

Türgenler boş wagtlary muzeý eksponatlary bilen tanşyp bilerler, kitaby söýýänler kitaphanada kitap okap bilerler. Geýimi gury arassalaýan, dellekhana, poçta bölümi, bank we beýleki hyzmatlar bu ýere gelýänleriň hyzmatynda bolar. 


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: