Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi01 Dekabr, 2016 (12:49)

BölümResmi habarlar

ÇeşmeTürkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Köpugurly sport toplumynda kaşaň «Olimpiýa» myhmanhanasy gururldy

450 adama niýetlene dokuz gatly bina ýokary wezipeli adamlara, hormatly myhmanlara we wekilýetlere niýetlenendir. Kaşaň bezelen we ergonomik otelde Ýewropa äheňli nusgawy bezegler Gündogar bezegleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Jaýlaryň ýokary hilli düşegi, döwrebap bezeg materiallary, dünýä belli haryt öndürijileriň mebelleri, otaglaryň oňaýly ýerleşdirilmegi we çyra bezegleri, hyzmatlaryň oýlanşykly düzülmegi onuň ýokary derejelidigini görkezýär. Myhmanhanada ýaşalýan kaşaň VIP otaglar, mejlisler we işewür duşuşyklar üçin otaglar, resmi kabul edişlikler we banketler üçin zallar, sport-sagaldyş toplumy, SPA-merkezler, fitnes-salonlar, açyk we ýapyk howdanlar, hammamlar, saunalar, owkalama otaglary göz öňünde tutulan.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: