Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi28 Noýabr, 2016 (12:52)

BölümResmi habarlar

ÇeşmeTürkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Olimpiýa şäherçesiniň telekeçilik merkezi sport klasterine sazlaşykly utgaşdy

Olimpiýa şäherçesiniň infrastrukturasynda durmuş-medeni we söwda merkezleri, myhmanhanalar, restoranlar, kafeler, dükanlar, durmuş hyzmaty kärhanalary, awtomobil duralgalary bar. Şäherçede pyýada geçelgeleri we ýeke relsli ýol gurlan. 

Olimpiýa şäherçesiniň telekeçilik merkezi sport klasteriniň stiline we Aşgabadyň çalt depginlerde gurulýan günorta böleginiň iň döwrebap ýollarynyň biri 10 ýyl Abadançylyk şaýolunyň dizaýnerlik çözgütlerine sazlaşykly utgaşdy. 

Telekeçilik merkeziniň binasy üç bökekden: belent, pes gatly we olary ikinji gatyň derejesinde özara birikdirýän köprüden ybaratdyr. 17 gatly uly we 7 gatly kiçi binalar Aziadanyň ýaryşlar we telekeçilik durmuşynyň merkezine öwrüler. Biznes merkeziniň ýokarky (11-njiden 16-njy) gatlarynda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetleriniň bölümleri, 2-njiden 10-njy gatlarda bolsa sport federasiýalarynyň, jemgyýetleriniň we guramalarynyň iş otaglary ýerleşer.

 

Gowy enjamlaşdyrylan iş otaglary we kabinetleri, ýokary tizlikli liftler, 150 adamlyk maslahatlar zallarynyň ikisi, mejlisler zallarynyň ikisi, restoranlar, kafeler, dükanlar sport emeldarlarynyň hyzmatynda bolar. 


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: