Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.


Senesi27 Dekabr, 2016 (10:14)

BölümResmi habarlar

ÇeşmeTürkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Täze ýeňişler üçin – täze fakultet

Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýeetirmek maksady bilen geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň bu ýokary okuw mekdebinde täze fakulteti açmak hem-da onuň üçin täze binany gurmak barada gol çeken Kararyndan gelip çykýan meselelere garaldy. 

Ara alyp maslahatlaşmalara Ministrler Kabinetiniň, Mejlisiň, Sport baradaky döwlet komitetiniň, Demokratik partiýanyň, Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, tälimçiler we esasy hünärmenler gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara Gutlag haty okaldy, ol ýygnananlar tarapyndan joşgunly el çarpyşmalar bilen kabil edildi. 

Dabaraly ýygnakda çykyş edenler, milli sport hereketini has ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berjek meýillişdirilen özgertmeleriň möhüm ähmiýetini bellediler. Täze fakultetiň binasynyň dünýä ülňülerine laýyk derejede gurulmalydygy hem-de iň häzirkizaman tehnikasy bilen enjamlaşdyrylmalydygy nygtaldy. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak üçin ähli şertler diredilmelidir, türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlarynda üstünlikleri muňa bagly bolup durýar.

Şeýle hem geljek ýyl “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýen şygar astynda geçer. Täze ýyl Türkmenistan üçin baş sport çäresi bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bäsleşiklerine beslener, mälim bolşy ýaly, bu Oýunlar yklymyň çäklerinden hem çykar – oňa diňe bir Aziýa ýurtlarynyň toparlary däl-de Okeaniýa ýurtlarynyň türgenleri hem gatnaşar. Munuň özi şu derejeli ýaryşlar üçin görlüp eşidilmedik ýagdaýdyr. Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sport görnüşleriniň 20-den gowrak bolmagy hem onuň aýratynlygydyr.

  Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen bu sport çäresi üçin ýörite Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigi bina edilýär. Onuň desgalarynda eýýäm dürli ýaryşlar, şol sanda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça Aziýa çempionatlary geçirildi. Munuň özi biziň paýtagtymyzyň ýygy-ýygydan iri sport çäreleriniň geçilýän merkezine öwrülýändiginiň subutnamasydyr. Meslahata gatnaşyjylaryň pikirine görä, şeýle meýiller barha artýar. 

Dabaraly ýygnagyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: