Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Basketbol 3x3

3x3 basketbol oýny üç agzadan ybarat bolan iki toparyň arasynda torly halkanyň bir sanysyndan ybarat bolan basketbol oýun meýdançasynyň ýarymynda oýnalýar. Bu oýun dünýä boýunça köçelerde, meýdançalarda, seýilgählerde we sport zallarynda giňden oýnalýar.  

Topar azyndan üç agzadan ybarat bolup, her nobatda dörtden köp adam bolmaly däldir. Her oýun 10 minut dowam edip, 12 sekuntlyk düzgün berjaý edilýändir. Her topara 30 sekuntlyk arakesme berilýär, çyzygyň içinden durup torly halkadan geçirilen pökgileriň ählisi üçin 1 utuk, duga çyzgysynyň daşyndan durup geçirilse 2 utuk berilýär.  Ilkinji bolup 21 utuk gazanan ýa-da 10 minudyň içinde has köp utuk gazanan topar ýeňiji diýlip hasaplanylýar.  

3x3 basketbol oýnunyň esasy aýratynlygy onuň düzgün taýdan we gurnamak üçin gerekli zatlar taýdan ýönekeýligidir.  Şonuň üçin hem bu oýuny dürli ýerde gurnap, geçirip bolýar. 

Gysga maglumatlar 

  • 3x3 basketbol oýny 2010-njy ýylyň Ýaşlar Olimpiýa Oýunlarynda ilkinji gezek halkara derejesinde oýnaldy.  
  • Internetdäki oýunçylar jemagatynyň we ýaryşlar torunyň “3x3Planet” platformasy 2012-nji ýylyň iýun aýynda işe girizildi.  


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: