Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Bowling

Bowling “zyňylýan” sport görnüşi bolup, pökgi nyşanada düzülen “çüýşelere” tarap  güýç bilen zyňylmaly we olary ýykmaly. Şoňa görä-de utuk gazanylýar. Bowling oýny üçin gadymy Müsürde  bugdaý sypalyndan, , deriden  we sapakdan ýasalan pökgi we farfor ulanylypdyr we bu oýun biziň eýýämimizden  3200 ýyl öňden bäri oýnalyp gelýär. Dünýä bowlingiň guramasy  1952-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-sinde Germaniýanyň Gamburg şäherinde esaslandyryldy.   

Bowling  10 tapgyr oýnalýar we oýnuň  maksady garşydaşlaryň her biiri  öz gezeginde başardygyndan köp “çüýşeleri” ýykmakçy bolýar. .    

Eger oýunda 300 utuk gazanylan bolsa, bu oýunyň iň gowy derejede oýnalandygyny aňladýar. Bu oýunçy  12 gezek yzly- yzyna ähli “çüýşeleri” ýykmagy başardy diýmekdir.   

Gysga maglumatlar

  • 1988-nji ýylda Koreýanyň Seul şäherinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda bowling ýaryşy mahabatlandyrylýan sport hökmünde geçirildi.   
  • Bowling pökgisiniň agramy on funtdan on alty funta çenli bolmalydyr we ululygy (töwereginiň uzynlygy) 12 dýumden uly bolmaly däldir.  
  • Bowling üçin içerki ýodalaryň ilkinjisi 1840-njy ýylda Nýu Ýork şäherinde ýasaldy. 


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: