Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Küşt

Küşt oýny 32 sany gara we 32 sany ak, jemi 64 öýjükden ybarat bolan tagtanyň üstünde oýnalýan oýundyr. Küşt çöpleri iki topara bölünip, olar iki sany dürli reňkden ybarat bolýar – gara we ak. Her oýunçyda 16 çöp bolup, olaryň 8 sanysy “piýada”, 2 sanysy “at”, 2 sanysy “pil”, 2 sanysy “ruh”, 1 sanysy “perz” we 1 sanysy “şa” çöpleridir. Olaryň ýerleşdirilýän ýeri her oýunda-da bir meňzeş bolýandyr. Resmi oýunlaryň ählisi hem ak çöpler bilen  oýuna başlamagy we soň gezekleşip oýnamagy bilen dowam edýändir.    

Küştüň dürli görnüşleri dört müň ýylldan bäri oýnalyp gelse-de, häzirki döwüriň küşt oýny takmynan XV asyrda döredildi.  Aslynda bu oýun III asyrda Hindistanda döredilen “Şatranj” hindi oýunundan gözbaş alýar.   

Gysga maglumatlar 

  • Teoriýa taýdan küştiň 5,949 göçmesi mümkindir  
  • Häzirki döwürde ulanylýan ak we gara öýjüklerden ybarat bolan küşt tagtasynyň ilkinjisi 1090-njy ýylda Ýewropada ýasaldy  
  • Küşt Pars dilinde “Şa öldürildi” diýmegi aňladýan “Şah mat” jümlesinden gelip çykdy


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: