Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Atçylyk sporty

Atçylyk sportunda erkekler we zenanlar biri-biri bilen oýun meýdançasynda ýaryşýarlar. Üstünligiň esasy görkezijisi fiziki güýç bolman, tehniki usullar bolup durýar. Çapyksuwaryň we atyň ikisiniň hem ukyplylygy ýeňiji bolmak üçin möhüm bolup durýar we bäsleşikde atyň ýeterlik derejä ýetip bilmegi üçin ony taýýarlamaga örän köp wagt talap edilýär. Muňa aýratynlykda we toparlaýyn bäsleşmek girýär.  

Çapyksuwarlar öz atlary bilen ysnyşykly iş salyşýarlar we olaryň ýaryşda özlerini alyp barmagy atyň hem çapyksuwaryň ukyplaryny bilelikde we sazlaşykly ulanyp bilmeginiň görkezijisi bolup durýar. Çapyksuwar atyň başarjaňlygyny ýüze çykarmaga, at bolsa oňa jogap bermäge ymtylýar.  

Tomaşaçylara niýetlenilen çykyşlar çapyksuwaryň aty bilen aragatnaşmagy, päsgelçilikden böküp geçmegi we topar hökmünde jebislikde ýaryşmagy öz içine alýar.  

Gysga maglumatlar 

  • Adamlar bilen atlaryň iş salyşmagy gadymy Hytaýyň, Ýegipetiň we Pars siwilizasiýalaryndan gözbaş alýar.   
  • Gadymy Olimpiýa oýunlarynda atlar iki tekerli araba çatylan atlaryň çapyşyklarynda ulanylýardylar   
  • Atçylyk sporty, ýagny konkur 1900-njy ýylda geçirilen Pariž Oýunlarynda Olimpiýa sporty hökmünde geçirildi 


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: