Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Ju-jitsu

"Ju" sözi “mylaýym, ýumşak, çeýe” ýaly sözlere, “jitsu” sözi bolsa “sungat” ýa-da “tehnika” diýmekligi  aňladyp,  goranýanyň öz güýjüni däl-de, garşydaşynyň  güýjüni özüne  özüne gönükdirmegi aňladýar. Ju-jitsu söweş sungaty feodal Ýaponiýanyň samuraýlary bilen söweşmek üçin ýaragly duşmandan ýarag ulanman ýa-da gysga ýarag bilen goranmak usuly hökmünde işlenilip düzülendir.  

Başa-baş söweş sungatynyň şu görnüşi boýunça bäsleşýänler howpsuzlygy öňe sürýän düzgünleri, hereketleri we usullary ulanýarlar. Howply hereketleriň  köpüsini, meselem, “gaýçy” usul bilen ýykmak, boýnundan gysyp  saklamak we bogmak ýaly usullar  ju-jitsu sportunda gadagan edilýändir.    
Ýaryşlaryň ählisi 2 tapgyrdan ybarat bolup, her tapgyrda söweş 2 minut dowam edýär. Eger 2-nji tapgyrda hem garşydaşlar  deňme-deň utuk gazansalar, onda ýeňijini kesgitlemek üçin 2 minut dowam edýän 3-nji tapgyr oýnalar. Eger şonda-da garşydaşlaryň  utugy deň bolsa, onda tä ýeňiji kesgitlenýänçä, goşmaça 30 sekuntlyk tapgyr geçiriler.   

Gysga maglumatlar

  • 1973-nji ýylyň iýun aýynda  ju-jitsu hukuk taýdan sport diýip, kabul edildi.   
  • Gorag enjamlaryny, meselem, söweş ellikleri, aýakgaplary, diş goraýjylary we gasygy goraýjy eşigi hökmanydyr.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: