Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Kuraş

Kuraş sporty gadymy döwürde häzirki Özbekistanyň çäklerinde döredilip, söweş sungatynyň bir görnüşi bolup durýar. Ylmy barlaglaryň soňkularyna esaslanylsa, Kuraşyň ýaşy azyndan üç ýarym müň ýyla barabardyr.

Kuraş özbek sözi bolup “maksada adalatly ýetmek” diýmegi aňladýar. Kuraş döräninden bäri söweş sungaty hökmünde we dürli toý- baýramçylyklarynda sagalaň hökmünde ulanylýar. 

Kuraş sportunyň düzgünine laýyklykda, ýerde hiç hili hereket etmek bolmaýar. Kuraş diňe dik ýagdaýda tutulmaly, emma garşydaşlara biri-birini zyňmak, aýaklaryna kakmak rugsat berilýär. Bu sportda el bilen gapmak, bogmak, depmek we bilden aşagyny gapmak tehnikalary gadagan edilýär. Gapyp agratmak, urmak, bilden aşagyna urmak, gapmak gadagan edilýär, emma bulara seretmezden bu sport örän gyzykly geçirilýändir.  

Gysga maglumatlar 

  • Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinjisi 1999-njy ýylyň maý aýynda Özbekistanyň Daşkent şäherinde ulularyň arasyna geçirildi   
  • Kuraş sportunyň ýörite lybasyna ak jalbar we holpuk erkek köýnegi degişlidir. Lybasyň esasy bolmaly zady bu garşydaşyň tutmagy üçin süýümden ýasalan guşak bolup durýar 
  • Kuraş bäsleşigi azyndan 5 sm bolan we üç bölege bölünen ýörite düşekde geçirilýär 


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: