Ygtyýarlandyrmak

Ýapyk binlarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny taýýarlamak boýunça jogapkär Ýerine ýetiriji komitet ýerli we halkara gurmalardan ( ýüz tutanlardan)2017-nji ýylda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binlarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda haryt boýunça ygtyýarlandyrylan resmi şahs bolmagy üçin tekliplere garaşýar.

Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti. ...

Ýerine ýetiriji komiteti

Haryt boýunça ygtyýarlandyrylan şahs

Ýapyk binlarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny taýýarlamak boýunça jogapkär Ýerine ýetiriji komitet ýerli we halkara gurmalardan ( ýüz tutanlardan)2017-nji ýylda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binlarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda haryt boýunça ygtyýarlandyrylan resmi şahs bolmagy üçin tekliplere garaşýar. Ygtyýarlanma üçin hukuk ownuk we lomaý söwda arkaly Oýunlaryň nyşany ýa-da beýleki bellikleri bolan harytlary satmagy we Oýunlar döwründe, 2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň 17-den-27-sine çenli ygtyýarlandyrylan harydy satmagy öz içine alýar.

Haryt boýunça ygtyýarlandyrylan şahs Oýunlardan öň we Oýunlaryň dowamynda ownuk söwda arkaly satmak üçin tassyklanan Oýunlaryň nyşanyny  bezemek, öndürmek, paýlamak we beýleki belliklerini taraplaryň arasynda ylalaşylan ýerlerde ulanmaly.

Ygtyýarlandyrylan haryt şu aşakdakylary öz içine alýar, emma bular bilen çäklenmeýär:

  • Tumarlar
  • Nyşanlar
  • Egin-eşik- köýnek, poloköýnekler, papaklar
  • El torbasy
  • Bilezikler
  • Içgi üçin çüýşeler
  • Kanselýariýa harytlary
  • Sport harytlary
  • El-süpürgiçler/ ýorgan-düşege degişli harytlar
  • Beýleki sowgatlyk önümler.

Haryt boýunça ygtyýarlandyrylan şahsyň ygtyýarlandyrylan harydy Aşgabat halkara howa menzilini, Aşgabat Olimpiýa seýilgähini we şäherçesini, taraplaryň ylalaşan ýerlerini öz içine alýan Oýunlaryň ylalaşylan satuw ýerlerinde satmagy we işlemegi zerurdyr.

Ygtyýarlandyrylan harydyň bezegi, önümçiligi, ýaýradylmagy we satylmagy, şol sanda satylmadyk harytlar bilen bagly dürli we ähli çykdajylara haryt boýunça ygtyýarlandyrylan şahs jogapkär bolar.

Üstünlikli dalaşgär:

  1. Bezegi: tassyklanan nyşany we beýleki bellikleri ygtyýarlandyrylan harytda ulanmak üçin öndüriji Ýerine ýetiriji komitet bilen işlär. Ygtyýarlandyrylan harytlaryň görnüşi taraplaryň arasynda ylalaşylar.
  2. Önümçilik: ygtyýarlandyrylan harydy taraplaryň ylalaşygyna laýyklykda öndürmeli.
  3. Ýaýratmak we satmak: ygtyýarlandyrylan harydy ýaýratmak we satmak.
  4. Bazar: ygtyýarlandyrylan harydy satmak üçin marketing tejribeleri bilen üpjün etmek.
  5. Üpjünçilik: Ýerine ýetiriji komiteti ygtyýarlandyrylan haryt bilen üpjün etmeli. Ýerine ýetiriji üçin amatly şertlerde, ViP-lere, işgärlere we Oýunlarda gatnaşjak beýleki şahslara mugt berler.

Dalaşgärleriň baha bermek şertlerine üns bermegine we öz tekliplerinde aşakda görkezilenleri goşmagy haýyş edilýär: 

  • Kompaniýa barada maglumat
  • Kompaniýanyň tejribesi
  • Bezeg, önümçilik, ýaýratmak, satmak we marketing boýunça çemeleşme we usulyýet 
  • Maliýe teklipleri:
    • Ygtyýarnamany almak üçin
    • Ýerine ýetiriji komiteti ygtyýarlandyrylan haryt bilen üpjün etmek boýunça teklip
  • Häsiýetnamalar
  • Teklip edilen harytlaryň sanawy we takmynan, bahasy

Ýerine ýetiriji komitet, öz garamagyna görä islendik teklibi kabul ýa-da inkär edip bilýär. Şeýle hem, ähli teklipleri inkär edilip bilinýär ýa-da Ýerine ýetiriji komitet haýsa-da bir teklibi amatly ýa-da Oýunlar üçin iň peýdaly diýip hasap eden ýagdaýynda, bir ýa-da birnäçe haryt ygtyýarnamasyny islän adamyna berip bilýär.

Baha bermek şertleri
Ýerine ýetiriji komitet, öz düzgünlerine laýyklykda teklipleriň iň amatlasyny kesgitlemek üçin ähli teklipleri bahalandyrar. Bahalandyrmak dalaşgärleriň maliýe tekliplerini we Ýerine ýetiriji komitetiň laýyk hasap edýän beýleki şertleri, şol sanda çäklendirmesiz şu aşakda agzalan islendik ýa-da ähli bellikleri öz içine alar:

Dalaşgäriň teklibine görä harytlaryň ownuk/lomaý söwda bahasy;

Dalaşgäriň haryt meýilnamasy, şol sanda teklip edilýän görnüşi, stili, harytlary we teklip edilýän harydyň hil derejesi;

Dalaşgäriň teklip edýän ýaýratmak ýollaryny, satmak usullaryny öz içine alýan marketing meýilnamasy;

Dalaşgäriň kompaniýasynyň taryhyny we haryt boýunça ygtyýarlandyrylan şahs hökmünde hereket edip biljekdigini subut edýän işewürlik we maliýe taýdan ukyplylygy;

Dalaşgäriň degişli tejribesi, başarjaňlygy, abraýy we salgysy, esasan-da, dalaşgäriň öňki şuňa meňzeş ygtyýarlandyrma maksatnamasynda baý tejribesi we sport jemgyýeti bilen işleşmekde tejribesi;

Dalaşgäriň önümçilikde ulanýan ýokary hilli materiallary we usullary;

Ygtyýarnama maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmak üçin dalaşgäriň Ýerine ýetiriji komitet bilen hyzmatdaşlykda işlemek yhlasy;

Dalaşgäriň guramasynda önümiň ýokary hilini üpjün etmek we hil derejesine gözegçilik üçin şu aşakdakylara güwä geçmek

  1. Ygtyýarlandyrylan harydyň ýokary hilde bezelmegi we öndürilmegi, şeýle hem önümiň satylýan ýurdunyň kanuny talaplaryna laýyk gelmegi;
  2. Ýokary hilli hyzmat bütin ygtyýarnamanyň dowamynda üpjün edilmegi;
  3. Ähtimal meseleler ýüze çykmanka, kesgitlenmegi we çözülmegi;

Dalaşgäriň müşderilere hyzmat etmek boýunça meýilnamasy we maksatnamanyň dowamynda ýokary derejeli hyzmatyň yzygiderli we wagtynda üpjün edilmegi üçin dalaşgäriň guramasynyň serişdeleriniň elýeterlidigine güwä geçmek; 

Satuw ýollary arkaly ýerine ýetirilýän harydyň ahlakly öndürilmegi we ýaýradylmagy boýunça dalaşgäriň jogapkärçiligi; 

Dalaşgäriň teklibiniň umumy hili, şol sanda resminamalaryň doly we takyk bolmagy. 

Ýokarda agzalan şertler gutarnykly ýa-da wajyplylyk derejesine görä sanalan däldir. Olaryň wajyplylyk derejesine laýyklykda deň bahalandyrylmazlygy mümkin. Ýerine ýetiriji komitet, öz garamagyna görä halkara bäsleşik üçin döredilen bahalandyrmak boýunça şertleriň agramyny kesgitlär.

Giňişleýin maglumat almak üçin salgy:

Kirstin Mead
Söwda we hemaýatkärçilik hyzmatlary boýunça Baş dolandyryjy
Tel: +993 6959 5195
E-poçta: kirstin.mead@ashgabat2017.com

Begenç Hojanyýazow
Söwda we hemaýatkärçilik hyzmatlary boýunça Baş dolandyryjy
Tel: +993 6630 3305
E-poçta: begench.hojaniyazov@ashgabat2017.com

Tamamlanýan senesi:
Tamamlanýan senesi: 10 Fewral sagat 17-00-da. Giç tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär. Teklipler görkezilen e-poçtasyna iberilmelidir kirstin.mead@ashgabat2017.com


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: