Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Taýboks

Taýboks Tailandyň göreş sporty bolup, dürli klinçiň usullaryny ulanmak bilen dik duryp söweşmek arkaly oýnalýar. Bu fiziki we aň taýdan kämil bolmagy talap edip, injekleriň birleşmegini öz içine alýanlygy sebäpli, “ sekiz uçluklaryň (eliň we aýagyň) sungaty” diýlip atlandyrylýar. Sebäbi, bu bedende ýumruklaryň, tirsekleriň, dyzlaryň, injikleriň bileleşmegi we fiziki taýdan  gurbatly taýýarlykly bolmaklyk örän täsirli göreşiji bolmaga kömek edýär.  Ýaryşda sekiz hüjümiň ulanylmagy söweşiň ýaragyny ulanmak diýmekdir. Olara ýumruklar, gylyçlar, tirsekler, urup girizmeklik, depmeklik, urmaklyk, dyzlar, ötgür hanjarlar girýär. Şeýle hem,  bilegiň ýa-da goşaryň we injikleriň ulanylmagy söweşijiniň goranmaklygyny aňladýar.

Taýboks oýunyň boksçysy  kellesine bag daňýar we eline sarag ýa-da daňy ulanýar. Bu oýun başlamazyndan öňürti Moňkol we Pra Jiad diýlip atlandyrypdyr. Moňkol göni terjime edilende, mukaddes ruh, üstünlik we gorag diýlip terjime edilip, bu ýurdyň oýunçysy tarapyndan geýilmegi abraýly hasaplanyp, Tailandyň taýboks söwejidigini aňladypdyr.

Gysga maglumatlar

  • Taýboksyň ýeke täk aýratynlygy onda saz bolup, ol “Sarama” diýlip atlandyrylýar. Bu  söweş tapgyrlardan öňürti we tapgyryň dowamynda ýaňlanýar.
  • Häzirki wagtda taýboks söweşijileri boks elleklerine meňzeş kiçi elliklerini geýýärler. Emma geçmişde olar diňe goranmak üçin, kendir tanapyny we ýüpligini ýa-da pagta süýüminden elleriniň we kellesiniň daşyny sarapdyrlar.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: