Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi

Aziýa Olimpiýa Geňeşi 1982-nji ýylyň 16-njy noýabrynda 1-nji Baş Assambleýasynyň çäklerinde resmi taýdan döredildi we girizildi. Şol ýylda hem Aziýa Olimpiýa Geňeşi Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edildi.

Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti. ...

Ýerine ýetiriji komiteti

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi

1951-nji ýylda - Ilkinji Aziýa Oýunlary Nýu-Delide (Hindistanda) geçirildi we özünde iki sany halkara ýaryşy birikdirdi:

1948-nji ýylda Londonda geçirilen XIV Olimpiýa oýunlarynda Koreýa, Filippin, Mýanma, Hindistan we Şri-Lanka döwletleriniň wekilleriniň alyp baran duşuşygy Aziýanyň dürli sebitleriniň ýurtlarynyň gatnaşmagynda sport ýaryşlarynyň geçirilmegi hakynda çözgüt netijesinde kabul edildi.

1949-njy ýylda Milli Olimpiýa komitetleriniň gatnaşmagynda Aziýa Oýunlarynyň federasiýasy emele getirildi. Şeýlelikde Uzak gündogar oýunlary (gündogar Olimpiýa Oýunlary) we Günbatar Aziýa oýunlary Aziýa oýunlarynyň gözbaşy hasap edilýär.

1949-njy ýylyň fewral aýynda 9 döwletiň gatnaşmagynda ikinji maslahat geçirildi. Halkara Olimpiýa komitetiniň hindistanly agzasy bolan jenap Sondiniň teklibi bilen häzirki zaman "Aziýa oýunlary" ady kabul edildi. Mundan başgada Milli Olimpiýa Komiteti tarapyndan Aziýa oýunlarynyň federasiýasy döredildi. Soňra, ol Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi diýilip atlandyryldy.

Aziýa Olimpiýa Geňeşi 1982-nji ýylyň 16-njy noýabrynda 1-nji Baş Assambleýasynyň çäklerinde resmi taýdan döredildi we girizildi. Şol ýylda hem Aziýa Olimpiýa Geňeşi Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edildi. Aziýa Olimpiýa Geňeşiň birinji agzalary hökmünde 34 döwletden ybarat boldy.

Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy astynda Aziýa oýunlary, Aziýa gyşky sport oýunlary, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary, Aziýa ýaşlar oýunlary, Aziýa kenarýaka oýunlary ýaly iri sport ýaryşlary geçirilýär.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi 
P.O. Box 6706 Hawalli 
32042 
Kuweýt 

Telefon: +965 22274277,+965 22274288,+965 22274299 
Faks: +965 22274280,+965 22274290
Email: info@ocasia.org
Websaýt: www.ocasia.org

Guramaçylyk komiteti

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde ýokary ...

Doly maglumat

Ýerine ýetiriji komiteti

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti. ...

Doly maglumat

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi

Aziýa Olimpiýa Geňeşi 1982-nji ýylyň 16-njy noýabrynda 1-nji Baş Assambleýasynyň çäklerinde r...

Doly maglumat


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: