Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Sambo

Sambo “Samooborona Bez Oruzhia" adalgasynyň gysgaldylan görnüşidir we ol “özüňi ýaragsyz goramak” diýmegi aňladýar. Bu ulgam Aziýanyň, Orta Gündogaryň we Ýewropanyň söweş sungaty sportlarynyň birnäçesiniň usullaryny we emellerini özünde jemleýär.  

Başda bu sport “erkin göreş usuly” diýlip atlandyryldy. Soň “erkin göreş” diýlip atlandyrylyp, 1946-njy ýylda oňa Sambo ady berildi. Bu sportda zyňmak we gapmak?? rugsat edilýär. Atadça göreşijiler düşekde göreşýärkäler, gapmak tälimi el we aýak üçin ulanylýar. Sportda arkanlygyna açyk zyňmak arkaly, garşydaşy gapmak arkaly we utuklar arkaly ýeňiş gazanylýar. Sambo ýaryşyjylary adatça “kurtka” ýa-da “sambowka” atly gyzyl ýa-da gök eşik geýýärler. 

Gysga maglumatlar

  • Göreşiň halkara federasiýasy Sambo sportuny 1966-njy ýylda halkara göreş sporty diýip kabul etdi   
  • Dünýä SAMBO çempionatynyň ilkinjisi 1973-nji ýylda Tähranda geçirildi  
  • Bu ulgam 2-nji jahan urşynda Sowet goşuny tarapyndan giňden ulanyldy


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: