Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Taekwondo

Taekwondo bu koreý sözi bolup, ol “Aýaklaryň we elleriň usuly” diýmegi aňladýar. Pälwanlar garşydaşynyň göwresine we kellesine el bilen urmak we aýak bilen depmek arkaly utuk gazanýarlar- iň köp utuk gazanan pälwan ýaryşy ýeňýär. Takyklyk, kuwwatlyk we özüni saklap bilmek ukyby owadan we gadymy söweş sungatynyň hereketi bilen utgaşdyrylanda täsir galdyryjy ýaryşy emele getirýär. 

Bu sport görnüşiniň esasy häsiýetnamasy garşydaşy hilegärlik we  aldap hüjüm etmegi öz içine alýar. Başa - baş söweş sungatynyň bir bölegi bu garşydaşy takyk hüjüm arkaly ýykmakdyr. Ýaryşyjylar garşydaşlaryny ýykmak arkaly ýeňip bilýärler ýa-da düzgüni bozup oýundan çyralyp bilinýär. Eger-de üç tapgyrdan soň türgenleriň netijeleri deň bolsa, onda dördünji tapgyr jemleýji ýaryş hökmünde geçiriler.  

Gysgaça maglumatlar

  • Taekwondo Korea döwletiniň milli sporty hökmünde ikinji jahan urşundan soňra bellenildi 
  • Taekwondonyň ýörite lybasy “Dobok” diýip atlandyrylýar. Birinji derejeli türgene ak guşak  berilýär. Türgeniň derejesiniň ýokarlanmagy bilen, onuň guşagynyň reňki hem üýtgeýär
  • Taekwondony Chuck Norris , Jean-Claude Van Damme and Tony Jaa- laryň kinolarynda, şeýle hem Gonлong-нň kinolarynda görüp bolar


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: