Meýletinçiler

Meýletinçiler 2014-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň gurnamagyndaky bäsleşik esasynda, “Generations for peace” halkara guramasynyň talaplaryna laýyklykda seçilip alyndy.

Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Aşgabat 2017 Oýunlarynyň Akademiýasy - bu türkmen raýatlaryny işe almak we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksatnamasydy...

Oýunlar Akademiýasy

"Parahatçylygy goldaýan nesiller" halkara guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän meýletinçiler

Meýletinçiler 2014-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň gurnamagyndaky bäsleşik esasynda, “Generations for peace” halkara guramasynyň talaplaryna laýyklykda seçilip alyndy. Has anygy, Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirilen Bütindünýä Paraolimpiýa oýunlary döwründe meýletinçilik boýunça gurnaýan okuw sapaklaryna  gatnaşmak üçin geçirilen synaglar muňa esasdyr. Ähli talaplary ödän oglan-gyzlar bu okuwlara gatnaşmaga hukuk gazandylar. 

Şeýlelikde olar 2014-nji ýylyň mart aýynyň 6-sy 15-i aralygynda “Parahatçylygy goldaýan nesiller” (Generations for peace) atly okuw sapaklaryna gatnaşdylar. Ol ýerde halkara meýletinçilik hereketi boýunça, paraolimpiýa oýunlary we hereketi, olaryň gurnalyşy, şeýle-de sportyň beýleki birnäçe ugurlary boýunça bilim aldylar. 



2014-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” hereketiniň biraýlygy wagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hyzmat etjek meýletinçileriň ilkinji topary döredildi. Şol ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň guramagynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň meýletinçileriniň başlangyç okuw sapaklary” guraldy. 

2014-nji ýylyň iýul aýynyň 1-6-sy aralygynda Türkmenistanyň sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda “Polimeks” kärhanasynyň hemaýatkärliginde “PWA Awaza 2014 world cup” atly windsörfing boýunça dünýäniň kubogyny almak ugrunda geçirilen tapgyr ýaryşynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan oglan-gyzlar  bu ýaryşyň meýletinçileri boldular. 

Türkmenistanyň meýletinçiler wekiliýeti 2014-nji ýylyň awgust aýynyň 15-25-i aralygynda Hytaý Halk Respubliksynyň Nankin şäherinde geçirilen “Ýetginjekleriň 2-nji olimpiýa oýunlaryna”  gatnaşdylar. Türkmenistanyň meýletinçiler wekiliýeti 2014-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen XYII Aziýa oýunlaryna hem meýletinçiler bolup gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler.  

2014-nji ýylyň noýabr aýynyň 19-24-i aralygynda Aşgabatda geçirilen Guşakly göreşi boýunça XII we Türkmen Milli göreşi boýynça I dünýä çempionatynda Türkmenistanyň sport baradaky döwlet komiteti, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti,  Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan 130-dan gowurak meýletinçiler ýokary derejeli hyzmat etdiler.

2015-nji ýylyň ýanwar – iýun aýlary aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň buýurmasy boýunça ABŞ-dan gelen mugallymlar 220-den gowrak meýletinçilere iňlis dilini kämilleşdiriş okuw sapaklaryny geçdiler.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň meýletinçiler wekiliýeti  2015-nji ýylyň iýun aýynyň 10-29-y aralygynda Azerbaýjan döwletiniň Baku şäherinde geçirilen I Ýewropa oýunlaryna meýletinçiler bolup gatnaşdylar. Bu ýerde sportyň dürli görnüşi boýunça guralan bäsleşiklerde, ýaryş meýdançalarynda, türgenler şäherçesinde doping barlag bölüminde we beýlekilerde biziň döwletimiziň meýletinçileri ýokary hilli hyzmat görkezdiler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde Meýletinçiler merkezi hereket edip, ol ýerde Ýapyk binlarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hyzmat etjek oglan-gyzlar ýokary derejede taýýarlanylýar.

Resmi habarlar

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: