Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Agyr atletika

Agyr atletika güýç derejesini görkezýän esasy synag bolup, onuň düzümine türgenleriň ştangany kellesinden ýokara götermek maşklary girýär. Agyr atletikanyň iki sany görnüş bolup, olar birden götermek we itip galdyrmakdyr. Birden götermek görnüşi ştangany ýerden  kelläň ýokarsyna bir gezekde galdyrmagy öz içine alýar. Itip galdyrmak iki aýratyn hereketden, ýerden  egniňe çenli , soňra kelläňden ýokara galdyrmagy öz içine alýar. Her bir görnüşi ýerine ýetirmek üçin türgenleriň üç synanyşygy bar. Her bir türgeniň birden götermek we itip galdyrmak synanyşygynda görkezen iň gowy netijesi onuň jemleýji ballyny kesgitlemek üçin goşulýar. 

Türgenler agram derejesine laýyklykda, erkekler üçin sekiz derejä we aýallar üçin şonça  derejä bölünýär. Türgeniň esasy üstünligi onuň güýjüne bagly, emma türgeniň hereketine,, tizligine, wagta, deňagramlylyga we çeýelige hem üns berilýär. 

Gysgaça maglumatlar 

  • Agyr atletika gadym döwürde Gresiýada döräp, ol erkekleriň güýjüni görkezýän esasy synag hasaplanypdyr 
  • Agyr atletika boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1891-nji ýylda Britaniýada  geçirilipdir
  • Ýaryş geçirilýän döwründe türgenler öz agramlyk derejesiniň üç essesine çenli göterip bilýär
  • Erkekleriň ýaryşynda ştanganyň agramy 20 kg. Aýallaryň ýaryşynda onuň agramy 15 kg


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: