Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Sport göreşi

Göreş sportuň başa -baş söweş görnüşi bolup, ol aýlawly halkada, hiç hili enjamy we goragly guraly ulanmazdan alnyp barylýar. Göreşiň erkin usulynda pälwanlar ähli bedenini ulanyp bilýär. Bu öz gezeginde tiz hereket etmäge we söweşmäge mümkinçilik berýär. Garşydaşyň deňagramlylygyny bozmak we ony ýatyrmak üçin pälwanlar tiz hereketleriň  dürlüsini  ulanýar. Göreşiň Greko-Roman görnüşinde garşydaşyň guşaklykdan aşagyna hüjüm etmek gadagan edilýär. Şol sebäpli şu  ýaryşda pälwanlar garşydaşynyň  guşaklygyndan ýokarsyny tutup, zyňmak ýaly güýçli usullary  ulanýar.

Asyrlardan bäri  dowam edip  gelýän we soňky döwürde ýokary depginde ösýän sportuň bu görnüşi hereket , çydamlylyk we kuwwatlylyk häsiýetleriniň  ählisini öz içine alýar. Onda türgenler guralsyz we urgusyz, paýhaslylyk bilen ýaryşýar we adyl  düzgünleri  ulanýar.

Gysgaça maglumatlar   

  • Göreş sportuň  dünýä ýüzündäki iň gadymylarynyň biridir. Gowakdan tapylan çyzgylar sportuň bu görnüşiniň 3000 ýyl mundan ozal hem bolandygyny  sypatlandyrýar. 
  • Orta asyrlarda göreş Angliýa, Ýaponiýa we Fransiýa döwletleriniň patyşa maşgalalarynyň arasynda meşhur bolupdyr


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: