Aşgabat

Paýtagtymyzyň gözel ýerleri barada

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri gün-günden gözelleşýär, özüniň milli binagärlik äheňindäki häzirki zaman ymaratlary bilen kalbyňa şatlyk çaýýar.  Bu  şäherde ümmülmez çöllük bilen dag etkelerini tebigy  gözelligine ynsan zähmeti  bilen  täze görk  berilýär.  Şäheriň keşbi tebigatyň görki bilen özara sazlaşygy  emele getirýär. 

Deňi-taýy bolmadyk binalardyr-ymaratlaryň, köp sanly muzeýleriň, sergi köşkleriniň we teatrlaryň utgaşykly sazlaşygy paýtagtymyzyň myhmanlarynyň ünsüni özüne çekýär. Dünýä standartlaryna laýyk hyzmatlary hödürleýän bäş ýyldyzly myhmanhanalar paýtagtymyza gelenleri mähir bilen garşy alýar.

Aşgabat şäheri binagärlik babatda rekordlaryň birnäçesine eýedir. Olaryň arasynda ýurduň Baş muzeýiniň öňündäki meýdançada oturdylan beýikligi 133 m bolan depesinde milli baýdagymyz pasyrdap duran baýdak sütüni: Aşgabadyň halkara howa menziline sowulýan çatrykdaky ägirt uly suw çüwdürimli toplumy; Oguz hanyň ýyldyzy şekilindäki “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň belent binasy; “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň tegelek şekilli syn ediş meýdançaly binasy. 2003-nji ýylda Türkmenistan dünýäde iň uly elde dokalan haly üçin Ginnesiň rekordlar Kitabynynyň sertifikatyna mynasyp boldy, 2013-nji ýylda bolsa, ýurdumyza bu neşiriň ýene bir sertifikaty berildi – bu gezek Aşgabat şäheri ak meremere örtülen jaýlaryň iň köp sanlysynyň bir ýerde jemlenen mekany diýlip ykrar edildi. Biziň paýtagtymyz özüniň beýleki binagärlik ymaratlary üçin halkara baýraklarynyň ýene-de birnäçesiniň eýesidir.

Daşary ýurtly myhmanlarymyzy Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşýän Türkmenistanyň häzirki zaman şypahana merkezinde – “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda dünýä derejesine laýyk hyzmatlardan peýdalanyp dynç almaga çagyrýarys.

Myhmansöýer türkmen topragynda bolan wagtyňyz Sizi ýatdan çykmajak duýgular gurşap alar, ülkämiz barada diňe mähirli ýatlamalar hakydaňyzda hemişelik orun alar!

Güneşli Diýara – Türkmenistana hoş geldiňiz!

Suratlar

Giňişleýin


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: