Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

3x3 Basketbol 

3x3 Basketbol oýny her biri üç oýunçydan ybarat bolan iki toparyň arasynda basketbol ýarym meýdançasynda bir sany torly halkada oýnalýar. Bu oýun dünýäýüzünde giňden ýaýrandyr, 3x3 basketbol oýny köçelerde, meýdançalarda, seýilgählerde we sport zallarynda oýnalýar.

3x3 Basketbol oýnunyň esasy aýratynlygy onuň düzgünleriniň we gurnamak üçin zerur serişdeleriniň ýönekeýligidir. Şonuň üçin hem bu oýny dürli ýerde gurnap, geçirip bolýar. 
 
Gysga maglumatlar

  • 3x3 Basketbol oýny 2010-njy ýylda, Ýaşlar Olimpiýa Oýunlarynda ilkinji gezek halkara derejesinde oýnaldy.  
  • Internetdäki oýunçylar jemagatynyň we ýaryşlar torunyň “3x3Planet” platformasy 2012-nji ýylyň iýun aýynda işe girizildi.

Ýaryşlaryň geçýän döwri: 7 gün  
Ýaryşyň geçirilýän wagty: 18-24-nji sentýabr 
Medal toplumy:
Ýaryş geçirilýän desga: 3x3 Basketbol arenasy


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: