Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Bilýard sporty

V Aziýa oýunlarynda bilýardyň dört dissiplinasy boýunça ýaryş geçiriler. Olar: stol üsti, karambol, snuker we rus piramida görnüşleridir.

Karambol bilýardy torjagazy bolmadyk we adatça uzynlygy 10 fut bolan stolda oýnalýar we başlamak çyzygyny, göni çyzygy, karambol ýassyjagyny, artistik bilýardy we dört şary öz içine alýar.   

Stol üsti bilýarda adatda alty torjagaz, uzynlygy 7, 8 ýa-da 9 fut bolan bilýard stolunda oýnalýan bilýardlaryň birnäçesi degişlidir. Şol sanda hem, bilýard sportuna beýleki sekiz-şar, dokuz-şar (hünärmenlik oýny) on-şar, göni stol, bir torjagaz we kenar bilýardy degişlidir. 

Snuker we iňlis bilýardyna alty sany torjagazy bolan “snuker” atly stolda oýnalýan oýunlar degişlidir. Kiý sportlarynyň beýleki görnüşlerinden özboluşly aýratynlygy we ulanylýan adalgalary bilen olaryň oýun tärini häsiýetlendirýär.  

Rus piramidasy bilýardyň Günbatar stol üsti görnüşinden biraz üýtgeşik bolmagyna garamazdan, oýnuň esasy maksady şarlary torjagazlara girizmekdir.

Gysga maglumatlar

  • Stol üsti, snuker we karambol sportuny özünde jemleýän “bilýard” derejesi 2005-nji ýylyň Dünýä oýunlarynda we 2006-njy ýylyň Aziýa oýunlarynda geçirildi. 
  • Bu üç dissiplina bir guramanyň dolandyrmasy üçin 1990-njy ýylyň awgustynda birleşdirildi.

Ýaryşlaryň geçýän döwri: 8 gün  
Ýaryşyň geçirilýän wagty: 19-26-njy sentýabr 
Medal toplumy: 13 
Ýaryş geçirilýän desga: Bilýard sport arenas


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: