Bowling

Bowling sport görnüşinde ýörite niýetlenen şary nyşanada düzülen keglilere tarap zyňyp, olary ýykmak arkaly utuk gazanylýar.

Bowling oýny on sany freýmden ybarat bolup, oýnuň esasy maksady sany çäklendirilen synanyşyklaryň dowamynda keglileriň köp sanyny ýykmagy başarmakdyr. Bowling oýnunda utuk hasabyny ýöretmek ulgamy üýtgeşikdir. Utuklaryň hasabyny ýöretmekde diňe ýykylan kegliler hasaplananok, eýsem straýklar we sperlar üçin aýratyn berilýän utuk hasaba alynýar. Hasap ýöredilende üç görnüşli utuk berilýär: birinjisinde, ähli kegliler birinji synanyşykdan ýykylsa, ikinjisinde, ähli kegliler ikinji synanyşykdan ýykylsa we üçünjisinde ikinji synanyşykdan soň bir ýa-da ondan köp kegli ýykylman galan ýagdaýynda.

Eger oýunda 300 utuk gazanylan bolsa, bu oýnuň iň gowy derejede oýnalandygyny aňladýar. Bu oýunçy 12 gezek yzly-yzyna ähli keglileri ýykmagy başardy diýmekdir.   

Gysga maglumatlar

  • 1988-nji ýylda Koreýanyň Seul şäherinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda bowling ýaryşy mahabatlandyrylýan sport hökmünde  geçirildi.   
  • Bowling şaryň agramy on funtdan on alty funta çenli bolmalydyr we ululygy (şaryň guşagynyň uzynlygy) 12 dýuýmdan uly bolmaly däldir.  
  • Bowling üçin ilkinji içerki ýodalar  1840-njy ýylda Nýu Ýork şäherinde ýasaldy.


Ýaryşlaryň geçýän döwri: 7 gün  
Ýaryşyň geçirilýän wagty: 21-27-nji sentýabr 
Medal toplumy:
Ýaryş geçirilýän desga: Bowling arenasy  


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: