Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Tans sporty

Tans sportuna öňler “bal tanslarynyň ýaryşlary” diýilýärdi. Ýürekleri tolgundyryjy bu sport görnüşiniň ady häzirkizaman talaplary berjaý etmek we sporty aňlatmak maksady bilen üýtgedildi.

Bu sporta mahsus bolan aýratynlyklar, ýagny fiziki güýç, başarjaňlyk, çalasynlyk, şeýle-de gözellik topar hökmünde bileleşip sport arkaly beýan edilip, olaryň saz bilen utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr. Çykyşlaryň täsirli bolmagyny gazanmak üçin sport ussatlygy artistizm başarnygy bilen ýugrulmalydyr.

Tans sporty bäş latyn we bäş adaty tanslardan gözbaş alýar. Bu tanslaryň her birinde tansçy jübüt özleriniň tansynyň hilini görkezmek üçin diňe bir degişli tehnikany görkezmän, eýsem güýjüni, deňagramlylygy saklap bilijiligini we beýleki emellerini görkezýärler.

  Gysga maglumatlar

  • Ýigriminji asyryň başynda Fransuz işewürleri ball zallaryny ýaryş desgalaryna öwrüp, ýaryş hökmünde geçirenlerinden başlap, tans sporty diýlip hasap edilip başlanyldy.
  • Tans sportuna 2000-nji ýylyň Sidneý Olimpiýa Oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda hem ýer berildi.
  • 2013-nji ýylda Taipeiň Kaohsiung şäherinde Ilkinji Dünýä tans sporty oýunlary geçirildi.

Ýaryşlaryň geçýän döwri: 2 gün  
Ýaryşyň geçirilýän wagty: 25-26-njy sentýabr
Medal toplumy: 11 
Ýaryş geçirilýän desga: Taekwondo we Tans sport arenasy


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: