Atly sport (konkur)

Atly sportunda erkekler we zenanlar biri-biri bilen oýun meýdançasynda ýaryşýarlar. Üstünligiň esasy görkezijisi fiziki güýç bolman, tehniki usullar bolup durýar. Çapyksuwaryň we atyň ikisiniň hem ukyplylygy ýeňiji bolmak üçin möhüm bolup durýar we bäsleşikde atyň ýeterlik derejäni gazanyp bilmegi üçin ony taýýarlamak örän köp wagty talap edýär. Muňa aýratynlykda we toparlaýyn bäsleşmek girýär.

Çapyksuwarlar öz atlary bilen sazlaşykly işleýärler we olaryň ýaryşda özlerini alyp barmagy atyň hem çapyksuwaryň ukyplaryny bilelikde we sazlaşykly ulanyp bilmeginiň görkezijisi bolup durýar. Çapyksuwar atyň başarjaňlygyny ýüze çykarmaga, at bolsa oňa jogap bermäge ymtylýar.

Gysga maglumatlar 

  • Adamlar bilen atlaryň iş salyşmagy gadymy Hytaýyň, Müsüriň we Pars medeniýetlerininden gözbaş alýar.   
  • Gadymy Olimpiýa oýunlarynda atlar iki tekerli araba goşulan atlaryň çapyşyklarynda ulanylýardylar.   
  • Atly sporty, ýagny konkur 1900-njy ýylda Parižde geçirilen Oýunlarda Olimpiýa sport görnüşlerine girizildi. 

Ýaryşlaryň geçýän döwri: 2 gün  
Ýaryşyň geçirilýän wagty: 21-nji we 23-nji sentýabr
Medal toplumy:
Ýaryş geçirilýän desga: Atçylyk sport toplumy


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: