Futzal

Futzal oýny, 4 oýunçydan we bir derwezebandan ybarat iki toparyň arasynda oýnalýandyr. Oýnuň dowamynda bir oýunçynyň ornunyň başga oýunçy bilen çalyşmagyň sany çäklendirilmedik.

Bu oýun gapdal taraplardaky çyzgylaryň aralygyndaky meýdançanyň çäginde oýnalyp, ähli oýunçylara jerime urgular zolagyna erkin ýagdaýda girmäge we topy adam boýundan beýiklikde oýnamaga rugsat berilýändir. Duşuşyk her biri 20 minut dowam edýän iki sany ýaryma bölünýär. Oýunyň her ýarymynyň wagty anyk bolup, her birinde wagty duruzmak arkaly bir arakesmä rugsat berilýär. Meýdançanyň çäginiň kiçiligi, topuň aýratynlyklary we oýunlaryň düzgüni oýunçynyň ýagdaýa görä hereket etmegini, döredijilikli çemeleşmegini we tehniki endiklerini has oňyn ulanmak bilen gysga aralyklarda topy geçirmekligini talap edýär.
 
Gysga maglumatlar

  • Dünýä derejesinde tanymal toparlaryň ählisinde (Barselona, Real Madrid, Çelsi, Mançester Ýunaýted we ş.m) futzal oýnaýan ýaş oýunçylar    bar.
  • Dünýäde at gazanan oýunçylaryň ählisi futzal oýnuny oýnamakda kämilleşdiler we dartgynly ýagdaýlarda çalt pikir etmekde we tizligini artdyrmakda bu oýnyuň esasy orny eýeleýändigine göz ýetirdiler. Pele, Maradona, Messi, Kaka, Kawi, Ronaldo, Robunho, Ronaldinho we Fabreges ýaly meşhur futbol ýyldyzlary ýaşlykdan futzal oýnuny oýnamak bilen kämilleşdiler.
  • Ilkinji Futzal boýunça dünýä Çempionaty 1982-nji ýylda Braziliýanyň San-Paulu şäherinde geçirildi we Braziliýa birinjiligi eýeledi.

Ýaryşlaryň geçýän döwri: 10 gün  
Ýaryşyň geçirilýän wagty: 16-26-njy sentýabr (toparlaýyn saýlama oýunlardan soňra bir gün dynç alyş)  
Medal toplumy:
Ýaryş geçirilýän desga: Buzly köşk


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: