Oýunlar Akademiýasy

Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti. ...

Ýerine ýetiriji komiteti

2010-njy ýylda Aşgabat şäheri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin hukuk gazandy. Oýunlar 2017-nji ýylyň  sentýabr aýynyň 17- 27 –si aralygynda geçiriler.  

Türkmenistanda geçiriljek ilkinji köp ugurly sport oýunlaryna taýýarlyk görmek üçin Ýerine ýetiriji komitetiň işgärleri we işe täze geljek işgärler üçin Oýunlaryň Akademiýasy öz işine başlar.     

Oýunlaryň Akademiýasy näme?
Aşgabat 2017 Oýunlarynyň Akademiýasy - bu türkmen raýatlaryny işe almak we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksatnamasydyr. Oýunlar Akademiýasynyň bilim maksatnamasy geljekde uly çäreleri geçirmek üçin galdyrylýan mirasyň bir bölegi hökmünde Ýerine ýeitiriji komitetiň işgärleriniň ukyp -başarnyklaryny we Oýunlar baradaky bilimlerini artdyrar. 

Oýunlar Akademiýasy Oýunlara taýýarlyk görmek işlerini amala aşyrmak üçin 400 adamy işe alar. Olar halkara bilermenleriň ýolbaşçylygynda işlär we iri çäreleri guramaga degişli meýilleşdirmek we amala aşyrmak işlerinde tejribe alar.​

Nähili wezipeler üçin işe alynýar? 
Biz işgärleri we hünarmenleri işe alýarys. 

Işgärleriň wezipesi üçin dalaşgärler öwrenmäge höwesli, oýunlary ýokary derejede gurnamak üçin maksadaokgunly we dürli-dürli toparlar bilen sazlaşykly işlemäge ukyply bolmalydyr.

Hünärmen wezipesi üçin dalaşgärler tejribelerini subut etmelidir şeýle hem tehniki we menejer wezipelerinde başarnyklaryny görkezmelidirler.

Aşgabat 2017 aşakdaky görkezilen iş ugurlarynda umumy işgärleri we hünärmenleri işe alar:

  • Aragatnaşyk, resmi keşp we marketing
  • Petek ulgamy
  • Iýmit üpjünçiligi, arassaçylyk
  • Çäreleriň hyzmatlary
  • Logistika
  • Oýunlaryň hyzmatlary 
  • Desgany dolandyrmak
  • Akkreditasiýa
  • Işgärler bölümi
  • Meýletinçileri dolandyrmak
  • Işgärleri dolandyrmak
  • Ýörite lybas işlerini dolandyrmak
  • Taslamany dolandyrmak
  • Sport 
  • Howpsuzlyk
  • Tehniki hyzmatlar bölümi 
  • Tehnologiýa hyzmatlarynyň netijeleri 
  • Desganyň tehnologiýa bölümi
  • Türgenleriň şäherçesi 
  • Milli Olimpiýa komiteti üçin hyzmatlar 
  • Protokol 


Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda näme üçin işlemeli?
Işgärler üçin mümkinçilikler: 

  • Oýunlar Akademiýasynyň bilim maksatnamasy arkaly tejribesini we ukyp-başarnyklaryny artdyrar.
  • Aşgabat 2017 çärelerinde meýilleşdirmek we dolandyrmak işleriniň ýerine ýetirilişine goşandyny goşar. 
  • Halkara iri çäreleri gurnan ýokary derejeli hünärmenlerden sport ýaryşlaryny dolandyrmak babatda iň gowy tejribe alar. 
  • Türkmenistanda geçiriljek iň iri sport oýunlarynyň bir agzasy bolar.
     

Işgärlere aşakda agzalan mümkinçilikler dörediler:   

  • Tolgunduryjy, tejribeli, ýokary depginli gurşawda işlärler.
  • Kanagatlandyryjy duýgy we üstünlik gazanarlar.
  • Täze adamlara duşarlar, täze dost tutunarlar, aragatnaşygy ösdürmek üçin pursat dörär. 
  • Sport ulgamyna degişli bolan ýörite düzgünleri öwrenerler.
  • Tomaşaçylar üçin öz ýurdunda geçirilýän çäreleriň köpelmegine ýardam berer. 


Bize nähili işgärler gerek?
Biz hyjuwly, janypkeş, ukyply we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna başarnykly hyzmat edýän işgärleri gözleýäris.  

Oýunlaryň Akademiýasyna alynmaly dalaşgärler Türkmenistanyň raýaty  we Aşgabat şäherinde işlemäge rugsatnamasy bolmaly we ýaşy 18-den geçmeli.

Saýlanan işgärler 2017-nji ýylyň  sentýabr aýynyň 29-yna çenli dowam edip, şertnama  laýyklykda, üýtgewsiz tertipde doly wagtlaýyn işlärler.


Men işe girmek üçin nähili ýüz tutyp bilerin? 
Siz bu işe girmek üçin AIMAG işe alyş e-poçtasyna hat ýazmak arkaly synanyşyp bilersiňiz. E-poçta: recruitment@ashgabat2017.com

Wezipeler bu web sahypada her aý mahabatlandyrylar we biz size täze iş wezipeleri üçin bu web sahypany barlap durmagyňyzy teklip edýäris. Siz gyzyklanýan wezipeleriňiz boýunça öz şahsy maglumatyňyzy (rezýume) işe alýan topara iberip bilersiňiz. 

Resmi habarlar

Giňişleýin


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: