Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Jiu-jitsu

"Jiu" sözi “mylaýym, ýumşak, çeýe” ýaly şeýle-de “jitsu” sözi bolsa “sungat” ýa-da “tehnika” ýaly manylary aňladyp, goranýanyň öz güýjüni däl-de, garşydaşynyň güýjüni öz-özüne gönükdirmegi aňladýar. Jiu-jitsu söweş sungaty feodal Ýaponiýanyň samuraýlary bilen söweşmek üçin ýaragly duşmandan ýarag ulanman ýa-da gysga ýarag bilen goranmak usuly hökmünde işlenilip düzülendir.  

Başa-baş söweş sungatynyň şu görnüşi boýunça bäsleşýänler howpsuzlygy öňe sürýän düzgünleri, hereketleri we usullary ulanýarlar. Howply hereketleriň köpüsini, meselem, “gaýçy” usul bilen ýykmak, boýnundan gysyp saklamak we bogmak ýaly usullar jiu-jitsu sportunda gadagan edilýändir.
 
Gysga maglumatlar

  • Jiu-jitsu 1973-nji ýylyň iýun aýynda hukuk taýdan sport görnüşi hökmünde kabul edildi.   
  • Gorag enjamlaryny, meselem, söweş ellikleri, aýakgaplary, diş goraýjylary we gasygy goraýjy serişdeler hökmandyr.

Ýaryşlaryň geçýän döwri: 3 gün  
Ýaryşyň geçirilýän wagty: 23-26-njy sentýabr   
Medal toplumy: 17 
Ýaryş geçirilýän desga: Taýboks we Jiu-jitsu arenasy 


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: