Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Kuraş

Kuraş sporty gadymy döwürde häzirki Özbekistanyň çäklerinde döredilip, söweş sungatynyň bir görnüşi bolup durýar. Geçirilen ylmy barlaglaryň soňky maglumatlaryna görä Kuraş azyndan üç ýarym müň ýyllyk taryha eýedir.

Kuraş özbek sözi bolup “maksada adalatly ýetmek” diýmegi aňladýar. Kuraş döräninden bäri, söweş sungaty hökmünde we dürli toý-baýramçylyklarda hem giňden ýaýrap, pälwanlaryň göreşip, ussatlyklary we emelleri bilen üstün çykmakda bäsleşýärler. 

Gysga maglumatlar 

  • Kuraş boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1999-njy ýylyň maý aýynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde ulularyň arasynda geçirildi.   
  • Kuraş sportunyň ýörite lybasyna giň biçüwli akbalak we erkek köýnegi degişlidir. Mata guşak lybasyň esasy bölegi bolup, ol garşydaş bilen guşakdan tutup göreşmek üçin niýetlenendir. Kuraş bäsleşigi, galyňlygy azyndan 5 sm bolan we üç bölege bölünen ýörite düşekde geçirilýär.

Ýaryşlaryň geçýän döwri: 3 gün  
Ýaryşyň geçirilýän wagty: 20-22-nji sentýabr   
Medal toplumy: 15 
Ýaryş geçirilýän desga: Başa-baş söweş sungaty sport toplumy 


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: