Şekil

Aşgabat 2017-niň şekiliniň ady Wepalydyr. Wepaly, adyndan belli bolşy ýaly, türkmen dilinde “ynamdar dost” diýmegi aňladýar. Ol türkmeniň milli gymmatlyklarynyň biri bolan alabaý itidir. Alabaý itleri görki we batyrgaýlygy bilen tapawutlanyp, çölüň agyr şertlerinde asyrlarboýy türkmeniň mal sürülerini goramakda çopanlarynyň ygtybarly ýoldaşydyr. Şu günki günde türkmenler alabaý itlerine diňe bir batyrgaý goragçy hökmünde däl-de, onuň wepaly dost bolýandygy üçin sarpa goýýarlar. 

Wepaly baradaky hekaýada it bilen Meret atly türkmen oglanjygynyň arasyndaky dostluk we Merediň öz söýgüli itiniň goldawy arkaly türgen bolmak arzuwyna ýetendigi beýan edilýär. Meret yhlas bilen türgenleşýär, emma türgenleşikleriň netijesiniň tiz wagtda üstünlige alyp barmaýandygy üçin ruhdan düşen wagty, Wepaly oňa sportuň diňe ýeňiş gazanmak üçin däldigini düşünmäge kömek edýär. Wepaly eýesini sagdyn bolmak üçin sport bilen meşgullanmaga höweslendirýär we sportuň kömegi bilen dostlukly aragatnaşyklary ýola goýup bolýandygyny öwredýär.

Öz dostunyň goldawy bilen Meret yhlasly türgenleşmegiň netijesinde, bäsleşmäge bolan uly hyjuw bilen ýeňiş gazanylýandygyny öwrenýär. Netijede, Meret Wepaly dostunyň parasatly ündewleriniň kömegi bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanýar. 


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: