Başlat (03:26) Wideo:Aşgabat 2017-Oýunlaryň tumary

Beýleki habarlar

Aşgabat 2017-Oýunlaryň tumary

10 Ýanwar, 2017 (18:36)

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary boýunça ýerine ýetiriji komiteti Türkmenistanda geçiriljek iň uly çäreleriň biri boljak, ýerli jemgyýet üçin Aşgabat 2017 Oýunlarynyň tumaryna başlaýandygyna örän buýsanýar.

V Aziýa Oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy  Daýanç Gulgeldiýew Aşgabat 2017 Oýunlarynyň tumary barada şeýle belläp geçýär, şeýle belleýär: “ Tumary işläp taýýarlamaga uly üns berilýär. Oýunlaryň geçiriljek şäherinde köp taraplaýyn ähmiýete eýe boljak Aşgabat 2017 Oýunlary biziň esasy edýän tagallalarymyzdyr. Aşgabat şäheri Türkmenistanyň gadymy mirasyny we öňdebaryjy gurluşyny açyp görkezýär we biz tumaryň muny doly öz içine aljakdygyna ynanýarys. Biz sentýabrda tumaryň durmuşa geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.”

Beýik Ýüpek ýolunyň bir bölegi hökmünde, Aşgabat şäheriniň töweregindäki sebitler 2000 ýyldan bäri Aziýadan  myhmanlary garşy alýar we Aşgabat 2017 Oýunlaryň tumary bu baý we taryhy medeniýetini açyp görkezer. Şuňa laýyklykda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny sagdynlyk , ruhubelentlik  we dostluk bilen  geçirmek üçin   2017-nji ýylyň sentýabrynda  Aşgabat şäheri Aziýadan we Okeaniýadan saýlama türgenleri we tomaşaçylary garşy alar.

Oýunlaryň tumary boýunça şeýle diýdi:  “Sportyň wekillýetleriniň we biziň ajaýyp ýurdumyzyň üsti bilen Aşgabat 2017 Oýunlarynyň tumary Oýunlaryň şygarynyň gymmatlyklaryny şeýle şekillendirýär: Sagdynlyk, ruhubelentlik, dostluk. Bu dostlugyň üsti bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa Oýunlarynda Türkmenistana geljek daşary  ýurt myhmanlary  garşy almaklygy we baý mirasymyz arkaly  adamlaryň ruhyny galdyrmaklygy gazanmagy maksat edinýäris.”

Aşgabat 2017 Oýunlaryň tumary asyrlaryň dowamynda Türkmenistanyň çäginden geçen beýik Ýüpek ýolynyň kerweni hakyndaky hekaýa eýerýär. Bu syýahatçylyk türkmen medeniýetini, milli mirasyny häzirki zaman tehnikalaryň üsti bilen açyp görkezmek maksady bilen öňdebaryjy we häzirki zaman Aşgabat şäherini tanyşdyrar.

Sungat ýazuw  işinde Türkmenistanyň tebigy gözelliklerini, mirasyny açyp görkezýän bezeg şekillerini, milli nagyş bezeglerini ulanmak  girizildi.

Aşgabat 2017 Oýunlary Türkmenistanyň çäginde geçiriljek ilkinji iň uly köp ugurly sport çäresi bolup, taryhda öçmejek yz galdyrar. Bu oýunlardan soň,  halkara derejesinde geçiriljek geljekki uly sport  çäreleri Aşgabat şäherine geçirmeklige itergi berler.

Oýunlaryň tumary Beýik Ýüpek ýolyna syýahat etmäge alyp barmak  bilen bilelikde, halkyň däp-dessuryny we häzirki zaman maddy medeniýetiň esaslaryny we binalaryny görkezmek arkaly Türkmenistanda sportyň nähili derejede wajypdygyny dünýä aýan eder.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: