Soňky habarlar

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti Aşgabat 2017-ä gatnaşmak üçin petekleriň bahalaryny yglan etdi

08 Maý, 2017 (09:00)
Bellikler: Petekler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Olimpiýa hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek we oňa ilatymyzy, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary giňden çekmek, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şunuň netijesinde, Türkmenistan sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek meselesini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwren ýurt hökmünde bütin dünýäde ykrar edildi.  

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ilkinji gezek geçiriljek bu iri möçberli Oýunlary üstünlikli geçirmek, ata Watanymyz Türkmenistanyň sport äleminde halkara abraýyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde Oýunlaryň peteklerini halk arasynda ýaýradylmagyny, raýatlaryň tomaşaçylar hökmünde giňden çekilmegini özüniň esasy wezipeleriniň biri hasaplaýar.

Şu gün V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet sentýabr aýynda 12 günüň dowamynda sportuň 21 görnüşi boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna tomaşa etmek üçin petekleriň bahalaryny yglan etdi.

Raýatlary Aşgabat şäherinde geçiriljek sport oýunlaryna tomaşa etmäge höweslendirmek üçin Ýerine ýetiriji komitet sport ýaryşlary üçin petekleriň bahalarynyň ulular üçin 7 we 10 manatdan, 14 ýaşdan kiçi bolan çagalar üçin mugt boljakdygyny tassyklady.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew: “Aşgabat-2017 Türkmenistanyň ilaty üçin aýratyn waka bolar we biz muny göz öňünde tutup, her bir isleg bildirýän adam üçin petekleri elýeterli bahadan hödürleýändigimizi we ähli adamlar üçin ýaryşa tomaşa etmäge mümkinçilik döredýändigimizi yglan edýändigimiz biz üçin örän tolgundyryjy pursatdyr. Munuň özi halkara ýaryşa tomaşa etmek we biziň türgenlerimizi goldamak üçin ajaýyp mümkinçilikdir” diýip belledi.

Ýaryşlaryň 160 tapgyryna gatnaşmak üçin 600 000 sany petek satuwa çykarylar. Janköýerler sportuň göreş, agyr atletika, taekwondo we welosport görnüşleri boýunça Aziýadan we Okeaniýadan gelen ussat türgenleriň, şol sanda Rio-2016 Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijileriniň gatnaşmagynda geçirilýän ýaryşlara tomaşa edip bilerler.

Täze gurlan döwrebap Aşgabat Olimpiýa stadionynda geçiriljek açylyş we ýapylyş dabaralary üçin petekler dört dereje boýunça satuwa çykarylar we olaryň bahalary 50 manatdan 500 manada çenli aralykda bolar.

Daşary ýurtly tomaşaçylar petekleri öz sebitinde hereket edýän ygtyýarlandyrylan petek satyjylaryndan satyn alyp bilerler. Ygtyýarlandyrylan petek satyjylarynyň doly sanawy bilen tanyşmak üçin ashgabat2017.com/tickets internet sahypasyna geçip bilersiňiz.

Türkmenistanly tomaşaçylar petekleri tomusda Aşgabat şäherinde ýerleşdiriljek petek satuw nokatlaryndan satyn alyp bilerler. Petekleriň satuwa çykaryljak seneleri we satuw nokatlary barada jikme-jik maglumat geljekki aýlaryň dowamynda yglan ediler.

Petekleriň bahalary. PDF


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: