Suwda ýüzmek

Suwda ýüzmek sporty Olimpiýa sport görnüşlerine degişlidir. Türgenler esasy dört görnüşde medal gazanmak üçin ýaryşarlar. Olar: erkin usul, arkan ýüzmek, brass we batterflýaý. Ondan başga-da olar estafetada hem ýaryşarlar. “Gysga aralyk” adalgasy uzynlygy 25 m bolan basseýni aňlatmak üçin ulanylýar.

Gysga aralyga ýüzmek boýunça ýaryşlar, adatça uzak aralykda ýüzmek boýunça ýaryşlardan tiz geçýär, sebäbi türgenler suwuň içinde diwardan itergi almak bilen öz tizligini artdyrýar.

Ýaryş dürli aralyklar boýunça geçirilýär: 50 m aralykdan başlap, 1500 m aralyga çenli. Ilkinji bolup finişa gelen türgen ýeňşe eýe bolýar.

Gysga maglumatlar

  • Adatça gysga aralyga ýüzmekde iň ýokary üstünligiň gazanylan wagty (rekordy) uzak aralyga ýüzmekde gazanylan iň ýokary üstünligiň wagtyndan (rekordyndan) gysga bolýar. Bu tizligiň ulalmagyna sebäp bolýan diwardan “özüňi itmegiň” ulurak sany bilen baglanyşykly diýlip çak edilýär.
  • Iň tiz we netijeli ýüzmek usuly erkin usul bolup durýar.

Ýaryşlaryň geçýän döwri: 4 gün
Ýaryşyň geçirilýän wagty: 22-25-nji sentýabr   
Medal toplumy: 30 
Ýaryş geçirilýän desga: Suw sport toplumy


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: