Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Taekwondo

Taekwondo sporty söweş tärleri, öz-özüňi goramak başarnyklary, fiziki ukyplylyk, meditasiýa we pelsepe ýaly aýratynlyklary öz içine alýar. Taekwondo bedeni fiziki taýdan, ýagny güýji, tizligi, deňagramlylygy, çeýeligi we çydamlylygy ösdürýär. Taekwondo sportunda aýak bilen urgulara has köp üns berilýär.

Türgenler iki dissiplina boýunça medal gazanmak üçin ýaryşarlar: kýorugi we phumse. 
Kýorugi boýunça 7 agramda aýallaryň we erkekleriň arasynda ýaryş geçiriler. 
Phumse boýunça aýallar we erkekleriň arasynda aýratynlykda ýaryş geçiriler. Ondan başga-da erkekler we aýallaryň arasynda toparlaýyn bäsleşikler hem geçiriler.

Gysga maglumatlar

  • Taekwondo Koreýa döwletiniň milli sporty hökmünde ikinji jahan urşundan soňra bellenildi. 
  • Taekwondonyň ýörite lybasy “Dobok” diýip atlandyrylýar. Birinji derejeli türgene ak guşak berilýär. Türgeniň derejesiniň ýokarlanmagy bilen, onuň guşagynyň reňki hem üýtgeýär.
  • Taekwondony Çak Norris, Žan-Klod Wan Damm we Toni Jaa ýaly meşhur kinoýyldyzlaryň kinolarynda, şeýle hem Gonkong-yň kinosahnalarynda görmek bolar.

Ýaryşlaryň geçýän döwri: 5 gün  
Ýaryşyň geçirilýän wagty: 18-22-nji sentýabr  
Medal toplumy: 18 
Ýaryş geçirilýän desga: Taekwondo we Tans sport arenasy 


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: