• Inspiring Ashgabat - Test events
  • Weightlifting
  • Kik-boksing
  • Swimming

Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Inspiring Ashgabat

Bir wagtyň özünde “Inspiring Ashgabat” synag çäreleriniň çäginde agyr atletika boýunça ulularyň arasynda Aziýanyň çempionaty, kikboksing boýunça WAKO guramasy tarapyndan gurnalýan Aziýanyň çempionaty, gysga aralykda ýüzmek boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçiriler.

Üç sany aýratyn çäre “Inspiring Ashgabat” atly çäreleriniň konsepsiýasyna girip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.” atly şygaryny beýan edýär.

Agyr atletika boýunça ulularyň arasynda Aziýa çempionaty

Agyr atletika boýunça ulularyň arasynda Aziýa çempionaty 23-nji aprelde başlap 29-njy aprele çenli agyr atletika arenasynda dowam eder. Ýaryşlaryň dowamynda türgenler jemi 144 medal üçin güýç synanşarlar. Medallar her agram derejesi boýunça silterläp götermek, itekläp götermek we gazanylan umumy netije boýunça gowşurylar. Rio 2016 Oýunlarynda agyr atletika boýunça aziýaly ussat türgenler jemi 45 medalyň 31-ine mynasyp boldular.

Agyr atletika

Agyr atletika güýç derejesini görkezýän esasy synag bolup, onuň düzümine türgenleriň ştangany kellesinden ýokara götermek maşklary girýär.

Agyr atletikanyň iki sany görnüşi bolup, olar silterläp götermek we itekläp götermekdir. Silterläp götermek görnüşi ştangany ýerden kelläň ýokarsyna bir gezekde galdyrmagy öz içine alýar. Itekläp götermek iki aýratyn hereketden, ýerden egniňe çenli, soňra kelläňden ýokara galdyrmagy öz içine alýar. Her bir görnüşi ýerine ýetirmek üçin türgenleriň üç synanyşygy bar. Her bir türgeniň silterläp götermek we itekläp götermek synanyşygynda görkezen iň gowy netijesi onuň jemleýji balyny kesgitlemek üçin goşulýar.


Gysga maglumatlar

  • Agyr atletika gadym döwürde Gresiýada döräp, ol erkekleriň güýjüni görkezýän esasy synag hasaplanypdyr.
  • Agyr atletika boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1891-nji ýylda Angliýada geçirilipdir.
  • Ýaryş geçirilýän döwründe türgenler öz agramlyk derejesiniň üç essesine çenli göterip bilýär.
  • Erkekleriň ýaryşynda ştanganyň agramy 20 kg. Aýallaryň ýaryşynda onuň agramy 15 kg.


Agyr atletika ýaryşlaryň rejesi

Agyr atletika
Sene Wagty Desga
23.04.2017
Ýekşenbe
09:30-13:00 Agyr atletika arenasy
15:00-19:45
24.04.2017
Duşenbe
09:30-13:00 Agyr atletika arenasy
15:00-19:45
25.04.2017
Sişenbe
09:30-13:00 Agyr atletika arenasy
15:00-19:45
26.04.2017
Çarşenbe
09:30-13:00 Agyr atletika arenasy
15:00-19:45
27.04.2017
Penşenbe
09:30-13:00 Agyr atletika arenasy
15:00-19:45
28.04.2017
Anna
09:30-13:00 Agyr atletika arenasy
15:00-19:45
29.04.2017
Şenbe
09:30-13:00 Agyr atletika arenasy
15:00-19:45


Ýerleşişi

    Nyrh derejesi
  • A - Tölegsiz

Kikboksing boýunça Aziýa çempionaty

Kikboksing boýunça Aziýa çempionaty aprel aýynyň 26-syndan 30-y aralygynda başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriler. 20 ýurtdan gelýän türgenler bäş günüň dowamynda ussatlygyny görkezmek we medal gazanmak maksady bilen ýaryşarlar. Ringde geçirilýän ýaryş erkekleriň arasynda 27 dereje, aýallaryň arasynda bolsa 10 dereje boýunça we tatamide erkekleriň arasynda 28, aýallaryň arasynda 16 dereje boýunça geçiriler. Netijede çäräniň dowamynda 354 sany medal gowşurylar.

Kikboksing

Kikboksing başa-baş söweş sungatyna degişli sport görnüşi bolup, onda türgenler ýörite boks elliklerini geýip, boks sportundaky ýaly ýumruklaşmaly we açyk aýaklary bilen karate sportundaky ýaly depmek usullaryny ulanýarlar. Kikboksing sport görnüşini ilkinji bolup karate bilen taýboksy garyşdyryp, Ýapon karatisti döretdi. Kikboksing ýaryşy ringde we tataminiň üstünde geçirilýär.


Kikboksing ýaryşlaryň rejesi

Kikboksing
Sene Wagty Desga
26.04.2017
Çarşenbe
10:00 Başa baş söweş sungaty sport toplumy
15:00
27.04.2017
Penşenbe
10:00 Başa baş söweş sungaty sport toplumy
15:00
28.04.2017
Anna
10:00 Başa baş söweş sungaty sport toplumy
15:00
29.04.2017
Şenbe
10:00 Başa baş söweş sungaty sport toplumy
15:00
30.04.2017
Ýekşenbe
10:00 Başa baş söweş sungaty sport toplumy
15:00


Ýerleşişi

    Nyrh derejesi
  • A - Tölegsiz

Gysga aralykda ýüzmek boýunça Merkezi Aziýa çempionaty

Şu halkara ýaryşlardan başga, Türkmenistanyň Suwda ýüzmek boýunça federasiýasy ilkinji gezek gysga aralykda ýüzmek boýunça Merkezi Aziýa çempionatyny gurnaýar. Bu ýaryş gysga aralykda ýüzmek boýunça ýapyk görnüşli ýaryş täze gurlan suw sport toplumynda geçiriler. 2017-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde goňşy ýurtlardan, ýagny Gazagystandan, Gyrgyzystanda, Özbegistandan, Täjigistandan, Eýrandan we Owganystandan gelýän türgenler birnäçe indiwidual we estafeta ýaryşlarynda ýaryşarlar.

Suwda ýüzmek

Suwda ýüzmek sporty Olimpiýa sport görnüşlerine degişlidir. Türgenler esasy dört görnüşde medal gazanmak üçin ýaryşarlar. Olar: erkin usul, arkan ýüzmek, brass we batterflýaý. Ondan başga-da olar estafetada hem ýaryşarlar. “Gysga aralyk” adalgasy uzynlygy 25 m bolan basseýni aňlatmak üçin ulanylýar.

Ýaryş dürli aralyklar boýunça geçirilýär: 50 m aralykdan başlap, 1500 m aralyga çenli. Ilkinji bolup finişa gelen türgen ýeňşe eýe bolýar.


Gysga maglumatlar

  • Adatça gysga aralyga ýüzmekde iň ýokary üstünligiň gazanylan wagty (rekordy) uzak aralyga ýüzmekde gazanylan iň ýokary üstünligiň wagtyndan (rekordyndan) gysga bolýar. Bu tizligiň ulalmagyna sebäp bolýan diwardan “özüňi itmegiň” ulurak sany bilen baglanyşykly diýlip çak edilýär.
  • Iň tiz we netijeli ýüzmek usuly erkin usul bolup durýar.


Suwda ýüzmek ýaryşlaryň rejesi

Suwda ýüzmek
Sene Wagty Desga
26.04.2017
Çarşenbe
10:00 Suw sport toplumy
17:00
27.04.2017
Penşenbe
10:00 Suw sport toplumy
17:00


Ýerleşişi

    Nyrh derejesi
  • A - Tölegsiz

Petekler

Aşgabadyň merkezinde geçirilýän Aziýanyň ussat türgenleriniň çykyşlaryna tomaşa etmäge geliň. “Inspiring Ashgabat” atly synag ýaryşlaryna tomaşa etmek üçin petekler tölegsizdir.

Siz olary Aprel aýynyň 14-inden başlap, “Berkarar” söwda we dynç-alyş merkezininiň 1-nji gatynda, “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwda merkeziniň kafeleriň ýerleşýän zolagynda we “Aşgabat” seýilgähiniň petek satylýan esasy nokadynda ýerleşýän Aşgabat 2017 maglumat merkezlerinden alyp bilersiňiz. Maglumat merkeziniň iş wagty:

Petekler
Desga Ýerleşýän ýeri Wagty
Berkarar söwda we dynç
alyş merkezi
Esasy giriş, 1-nji gat 15:00 - 20:00
Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy
söwda merkezi
Esasy bina, 1-nji gat,
Kafeleriň ýerleşýän zolagy
15:00 - 20:00
Aşgabat seýilgähi Esasy petek nokady 15:00 - 20:00

Siziň dykgatyňyza! Her adama 8-den köp petek berilmeýär. Topar bolup gatnaşmak üçin we mümkinçilikleri çäklendirilen tomaşaçylara petek almak üçin şu salgy boýunça habarlaşyp bilersiňiz:

Elektron salgy: tickets@ashgabat2017.com
Tel: +993 12 94 80 27

Karta

PDF Görnüşi (1.5 Mb)

Karta

Gadagan zatlar

  • Ýaraglar
  • Pyçak we söweş ýaraglary
  • Partlaýjy we ýangyn dörediji maddalar
  • Göz ýaşardyjy spreýler
  • Spirtli içgiler
  • Pirotehnika
  • Jürlewükler we tüýdükler
  • Lazer görkezijileri
  • Uly saýawan
  • Uly goş gaplary


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: