Ýygy-ýygydan soralýan soraglar

Petekler

Näçe sany petek satuwa degişli bolar?

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa Oýunlarynda 160-dan gowrak ýaryş üçin takmynan 600,000 petek satuwa çykarylar.

Ähli petekler halk köpçüligine ýetirlermi?

Beýleki köpugurly sport oýunlarynda bolşy ýaly, käbir orunlar Oýunlara iş wezipeleri boýunça gatnaşýanlar üçin niýetlener. Olaryň käbirleri şulardyr: köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Milli Olimpiýa komitetleri we hemaýatkärler.

Şeýle-de ýaýlyma beriş ulgamynyň enjamlaryny ornaşdyrmak ýa-da türgenleriň, tälimçileriň, wekilleriň, ýaýlyma beriş ulgamynyň işgärleriniň ýaryş meýdançasynda we töwereginde ýaryşmak üçin ýa-da öz işlerini arkaýyn amala aşyrar ýaly, ýeterlik derejede boş ýeriň üpjün edilmegi üçin käbir orunlar elýeterlik bolmaz.

Petegi nirden, haçan we nädip satyn alyp bilerin?

Türkmenistanyň çäginde
Petekler 2017-nji ýylyň tomusynda şäherdäki resmi petek nokatlarynda, şeýle hem Oýunlaryň geçirilýän döwründe bolsa desgadaky petek nokatlarynda nobatlaýyn ýagdaýda elýeterli bolar.

Takyk satuw ýerleri we iş sagatlary satuwlaryň başlanýan senesine golaý köpçülige mälim ediler.

Türkmenistanyň çäginden daşarda
Halkara tomaşaçylar 2017-nji ýylyň mart aýyndan başlap, biziň resmi ygtyýarly petek dellallarymyzdan satyn alyp bilerler. Şu düwmä basyp, ähli sanawy görüp bilersiňiz.

Halkara tomaşaçylaryň ählisine petekleri satyn almazdan öň, ilki bilen Türkmenistana girmek üçin wiza almaklaryny maslahat berýäris. Eger-de Türkmenistana gelip bilmedik ýagdaýyňyzda petekleri yzyna tabşyrmak ýörelgesini kesgitlemegiň ygtyýarly petek dellalynyň öz ygtyýaryndadygyna ünsüňizi çekýäris.

Dabaralar

Açylyş we ýapylyş dabaralarynda kimler çykyş eder?

Size üýtgeşik sowgat garaşýar. Muny bilmek üçin siziň bu dabaralara gatnaşmagyňyz gerek.

Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlar üçin petekler

Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlar ýa-da hereketleri kömekçi enjamlar bilen amala aşyrýan şahslar üçin petek bolarmy?

Ähli sport ýaryşlary boýunça ýeňilliklerden peýdalanmaga mätäç tomaşaçylar we olaryň ýanynda gelenler, kömekçileri üçin çakylyk petekleri bolar. Çakylyk peteklerini diňe şäherdäki petek satýan nokatlary ýa-da Oýunlar döwründe desgadaky petek satýan nokat arkaly öňünden sargyt etmek mümkin bolar.

Peteklerini satyn alanlarynda ýeňilliklerden peýdalanmaga mätäçdigini habar beren tomaşaçylar üçin ýörite amatly orunlar aýrylyp goýlar ýa-da mümkinçilikleri çäkli bolanlaryň arabasy üçin boş ýer bilen üpjün edilerler(mümkin boldugyndan).

Çakylyk peteklerini almak üçin we desga girmek üçin tomaşaçylardan ýörite saglyk şahadatnamalaryny görkezmekleri soralar. Eger-de çakylyk petegi üçin makul resminanamany görkezip bilmeseler, onda olary desganyň içine almazlar we doly nyrhly petegi almaklary üçin petek nokatlaryna gönükdirilerler.

Mümkinçiligi çäklendirilen adamlar üçin petek almaga nähili ýüz tutmaly?

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet degişli ýer orunlary bilen üpjün edilen ähli desgalar üçin elýetlerli petekleri üpjün eder. Mümkinçilikleri çäkli bolanlaryň arabalary üçin ýörite ýerleriň we ýanyndan ugradýanlar üçin orunlaryň sany desgalara görä üýtgeýär we siziň talaplaryňyzy näçe wagt öňünden alsak, biziň üçin şonça-da gowy bolar. Elýeterli we/ýa-da ýanyndan ugradýanlar üçin petekler boýunça giňişleýin maglumat almak üçin petekleri ýaýratmak boýunça iş topary bilen +993 12 94 80 27 belgi arkaly ýa-da tickets@ashgabat2017.com elektron poçta salgysynyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: