Türkmenistan

Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Eziz Watanymyz gözelligi we ýyndamlygy babatda taýsyz ahalteke bedewiniň mekany hökmünde dünýä ýüzünde ykrar edilendir. Ýakyn-u-al...

Türkmen gymmatlygy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň günbatar böleginde, demirgazyk ýarym şarda ýerleşýär. Onyň çägi günbatardan gündogara tarap 1100 kilometre, günortadan demirgazyga bolsa 650 kilometre çenli uzalyp gidýär. Ol demirgazyk ýarym şaryň aram guşaklygynyň çöller zonasynda ýerleşýär.

Türkmenistanyň tutýan meýdany 491,21 müň km² barabardyr. Onyň ýeriniň 80 göterime golaýyny Aziýanyň iň uly çölleriniň biri bolan Garagum, galan bölegini bolsa baýyrlyklar, daglar, derýalar, köller, suw howdanlary, medeni oturymly ýerler tutýar.

Türkmenistan günortada Eýran, günorta-gündogarda Owganystan, demirgazykda Gazagystan, demirgazyk-gündogarda Özbegistan, demirgazyk-günbatarda bolsa Hazar deňzi boýunça Azerbaýjan we Russiýa bilen araçäkleşýär.

Garagum çöli ýurdyň esasy bölegini eýeleýär. Elbetde, günortada Köpetdagyň, günorta-gündogarda Köýtendagyň belent gerişleri hem köp ýerlere uzap gidýär. Köpetdagyň iň beýik nokady bolan Çopanata 2942 metr belentlikde ýerleşýär. Soňra dag gerişleri Uly Balkan we Kiçi Balkan ady bilen Hazaryň kenarlaryna barýar. Köpetdag demirgazyk tarapda düzlüge sapylyp, soňra bol hasylly, elmydama gök öwsüp otyran oazisi emele getirýär.

Administratiw bölünişi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir. Ýurt 5 welaýatdan: Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan durýar. 

2016-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda  geçirilen hasaba  görä 50 etrap, 24 şäher, 8 sany şäherlerdäki etraplar, 76 sany şäherçe, 553 sany oba geňeşlikleri, 1903 sany ilatly ýerler ýurdyň  administratiw böleklerini düzýändir.

Döwlet gurluşy
Türkmenistan - demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwleti dolandyrmak Prezident Respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň we ýerine ýetiriji häkimýetiň baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr, ol Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň we Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, ýurt bitewiligini, Konstitusiýany berjaý etmegiň we halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň kepili hökmünde çykyş edýär.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň biragyzdan ses bermegi netijesinde Türkmenistan hemişelik Bitarap ýurt diýlip ykrar edildi. Bu babatda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde öz borçlaryna ygrarlydyr. Häzir Türkmenistan Merkezi Aziýada ylalaşdyryjy döwlet hökmünde öz abraýyny barha beýgeldýär.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: