Meýletinçiler

Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Ilkinji ýyldyzlar, bu siziň galkynjak wagtyňyz.

Islendik iri göwrümli çäräni meýletinçileriň tagallasy we kömegi bolmasa, göz öňüne getirip bolmaz. Olaryň öz iş wezipelerine bolan höwesi, ruhubelentlik we dostluk duýgulary haýran galdyrýar, bu duýgular hem Oýunlaryň gowy we has ajaýyp geçmeginiň girewidir.

Meýletinçiler Oýunlar döwründe ähli iş ugurlaryny öz hyzmatlary bilen üpjün edýär, şol sanda türgenleri şeýle hem tomaşaçylary öz ýakymly duýgulary bilen gaplap alýar. Biz öz meýletinçilerimizi “Ilkinji ýyldyzlar!” diýip atlandyrýarys.

Bize Türkmenistan döwletiniň baý medeniýetini dünýä görkezmäge taýýar, höwesjeň we dostlukly duýgulary bolan 10,000-e golaý ilkinji ýyldyz gerek. Ilkinji ýyldyzlar, bu siziň galkynjak wagtyňyz.



Meýletinçileriň taýýarlygynyň tapgyrlary








Tapgyrlar

  • 1. Sowalnama/hasaba almak Hasaba alyşyk 2017-nji ýylyň fewral aýynda başlaýar.

    Biziň internet sahypamyza girmäge we sowalnamany doldurmaga çagyrylan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ählisi we ýörite ugur boýunça taýýarlanylan meýletinçiler üçin hasaba alyş açykdyr. Hasaba durmadyk talyplar meýletinçi bolup bilmezler. Meýletinçi bolup isleýänler azyndan, 2017-nji ýylyň 10-njy iýulyna çenli 18 ýaşyny doldurmaly.

  • 2. Saýlap-seçmek işi

    Saýlap-seçmek işleriniň dowamynda sowalnamada öz başarnyklaryňyz barada beren maglumatyňyz esasynda siz Oýunlar döwründäki iş wezipesine bellenersiňiz.

  • 3. Iş teklibi/ Kabul etmek

    Eger-de saýlanan ýagdaýyňyzda, size Oýunlar döwründäki iş wezipesi teklip ediler, ondan soňra siziň iş wezipäni kabul etmegiňiz we şertnama baglaşmagyňyz zerur.

  • 4. Tälim berijilik sapaklary Oýunlar döwründäki tälim berijilik okuwlary 2017-nji ýylyň iýun aýynda başlaýar.

    Tälim berijilik okuwynyň esasy maksady öz wezipäňizi ýerine ýetirmek üçin sizi zerur bolan ukyplar bilen üpjün etmekdir. Siz tälim berijilik okuwlaryň birnäçesine, şol sanda umumy we wezipe boýunça ýörite tälim berijilik okuwlaryna çagyrylarsyňyz.

  • 5. Iş meýilnamasy

    Oýunlar döwründäki işleriň tertipnamasyna görä, iş çalşygyňyzyň wagtlary we seneleri barada maglumat alarsyňyz.

  • 6. Ýörite lybaslary we akkreditasiýa şahadatnamasyny almak

    Siz iş çalşygyňyzyň dowamynda geýmeli ýörite lybaslaryňyzy we dakynmaly akkreditasiýa şahadatnamaňyzy alyp gitmek üçin çagyrylarsyňyz.

  • 7. Ilkinji iş çalşygy

    Oýunlaryň başlamagy bilen siz öz meýletinçilik işiňizden lezzet alyň!




Iş ugurlary

  • Ýaşaýyş jaýlara ýerleşdirmek
  • Akkreditasiýa
  • Gelmek we gitmek
  • Dopinge garşy göreş we lukmançylyk
  • Ýaýlyma bermek we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri
  • Iýmit üpjünçiligi, arassalamak we hapalary aýyrmak
  • Çäre hyzmatlary
  • MOK hyzmatlary
  • Protokol
  • Howpsuzlyk
  • Sport
  • Tehnologiýa
  • Petek üpjünçiligi
  • Ulag hyzmatlary
  • Ýörite lybaslar
  • Desgany dolandyrmak
  • Şäherçe
  • Işgärler (WKF)
  • Aragatnaşyklar, Resmi keşp we Marketing


Suratlar

Giňişleýin


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: